Ýew­ro­pa­nyň iň güýç­li su­per­komp­ýu­te­ri Finl­ýan­di­ýa­da işe gi­ri­zil­di. Ýew­ro­pa Ýo­ka­ry kuw­wat­ly mag­lu­mat sel­je­riş bi­le­lik­dä­ki baş­lan­gy­jy (Eu­roHPC) ýur­duň Ka­jaa­ni şä­he­rin­dä­ki tä­ze su­per­komp­ýu­ter – LU­MI-niň açy­ly­şy bol­dy. LU­MI se­bit­de hä­zi­re çen­li gur­lan çalt we ener­gi­ýa ba­bat­da iň ne­ti­je­li komp­ýu­ter. Şeý­le hem LU­MI dün­ýä­niň iň çalt üçün­ji su­per­komp­ýu­te­ri ha­sap­lan­ýar.
Bu komp­ýu­ter Eu­roHPC we 10 sa­ny Ýew­ro­pa ýur­dun­dan eme­le ge­len bi­le­lik­dä­ki baş­la­nyç bi­len gu­rul­dy. Finl­ýan­di­ýa, Bel­gi­ýa, Çeh Res­pub­li­ka­sy, Da­ni­ýa, Es­to­ni­ýa, Is­lan­di­ýa, Nor­we­gi­ýa, Pol­şa, Şwe­si­ýa we Şweý­sa­ri­ýa ýurt­la­ry­nyň gat­naş­ýan kon­sor­siu­my­nyň mak­sa­dy ug­run­da Ýew­ro­pa­nyň dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy bol­ma­gy­ny ga­zan­mak­dan yba­rat.
Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Mar­ga­ret Wes­ta­ger san­ly dün­ýä bi­len aýak­daş Ýew­ro­pa üçin iş­le­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Wes­ta­ger komp­ýu­te­riň ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­ly ulan­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu en­ja­myň yl­my açyş­lar üçin öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ma­gy­na go­şant goş­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, luk­man­çy­lyk we ho­wa­ny öw­ren­mek­de has çalt ne­ti­je al­ma­ga ýar­dam eder.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, äpet komp­ýu­ter­le­r aşa gy­zyp, ony so­wat­mak üçin köp ener­gi­ýa ge­rek bol­ýar. LU­MI te­bi­gy so­wa­dy­jy ul­gam­dan peý­da­lan­ýar we eme­le ge­len ýy­ly­lyk Ka­jaa­ni şä­he­rin­dä­ki ýy­la­dy­jy ul­ga­my­nyň 20 gö­te­ri­mi­ni üp­jün ed­ýär.
LU­MI şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­dan baş­lap ýew­ro­pa­ly ula­ny­jy­lar üçin el­ýe­ter­li edi­ler. «Eu­roHPC» taslamasynyň çäk­le­rin­de mundan ozal üç su­per­komp­ýu­ter­ gurlupdy.

Baýramgül BEKDURDYÝEWA,
Gubadag etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.