Horwatiýa 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýewro zolagyna goşulmaga taýýar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň Brýusselden ýaýradan soňky beýanatynda mälim edilýär. Ýewropa Komissiýasy geljek ýyldan ýewro zolagyna agza ýurtlaryň sanyny 20-ä ýetirmäge taýýardygyny mälim etdi.
«Ýewropa Komissiýasy Horwatiýanyň ýewro geçmäge taýýardygyny nazara alyp, ýewro zolagyna agza ýurtlaryň sanyny artdyrmagy maksat edinýär. Horwatiýa ýewro geçmek üçin ähli şertleri ýerine ýetirdi» diýlip, beýanatda bellenilýär. «Ýewropa Komissiýasy ykdysady integrasiýa, konwergensiýa bilen baglanyşykly goşmaça ýagdaýlary, şeýle hem töleg balansynyň ösmegini, önüm, zähmet we maliýe bazarlarynyň birleşmegini nazara alyp, Horwatiýanyň ýewro geçmek maksatlaryny amala aşyrar» diýlip, Ýewropa Komissiýasynyň beýanatynda bellenilýär.
Hasabatda Ýewropa Komissiýasynyň iýul aýynyň birinji ýarymynda bu ýurduň ýewro zolagyna girmegi barada gutarnykly karara geljekdigi aýdyňlaşdyrylýar. «Geňeş Horwatiýanyň iýul aýynda, Ýewropa toparynda we Ýewropa Geňeşinde ara alnyp maslahatlaşylandan soň, Ýewropa Parlamenti we Ýewropanyň Merkezi Banky öz pikirini beýan edeninden soň Horwatiýanyň ýewro geçmegi barada gutarnykly karar kabul eder» diýlip, Ýewropa Komissiýasynyň beýanatynda bellenilýär.