Ma­ry we­la­ýa­tyn­da Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li her ýyl ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi do­wam ed­ýär. Mil­li me­de­ni­ýe­ti go­rap sak­la­ma­ga, iç­gin öw­ren­mä­ge hem-de wa­gyz et­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu giň ge­rim­li çä­re me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şin­de eýe­le­ýän, bar­ha art­ýan äh­mi­ýet­li or­nu­ny, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­ýär.

In­di onun­jy ge­zek ge­çi­ril­ýän bu çä­re umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na sal­dam­ly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­nyň köp gör­nüş­li­li­gi­ne do­ly de­re­je­de dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän hep­de­lik dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, tä­ze ze­hin­le­riň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň, sun­ga­ty­nyň, ede­bi­ýa­ty­nyň bu baý­ra­my äh­mi­ýet­li wa­ka bo­lup, Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň iň tä­ze ta­ry­hyn­da my­na­syp orun eýe­le­di.
Giň ge­rim­li me­de­ni fo­rum her ýyl ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň bi­rin­de ge­çi­ri­lip, onuň do­wa­myn­da her we­la­ýat öz ýe­ten sep­git­le­ri­ni, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne go­şan go­şan­dy­ny, dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­mä­ge ça­lyş­ýar.
Şu ge­zek­ki Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. We­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de, ata Wa­ta­ny­my­zyň beý­le­ki kün­jek­le­rin­de hem bol­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň ga­dy­my ta­ry­hy we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri, aja­ýyp te­bi­gy kün­jek­ler bar.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi – 2022-niň açy­lyş da­ba­ra­sy Ma­ry şä­he­rin­dä­ki Ru­hy­ýet köş­gü­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da ge­çi­ril­di. Bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, we­la­ýat we şä­her hä­kim­lik­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, Ma­ry şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­dyr myh­man­la­ry ýyg­nan­dy­lar.
Fo­ru­ma gat­naş­ýan we­ki­li­ýet­le­riň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­den ta­ny­mal teatr ar­tist­le­ri, est­ra­da we halk aý­dym­çy­la­ry, mu­zeý, ki­tap­ha­na işi­niň hü­när­men­le­ri, sa­zan­da­lar, su­rat­keş­ler, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar, dö­re­di­ji­lik hem-de folk­lor to­par­la­ry bar.
Bu ýer­de hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ser­gi ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, on­da ama­ly-ha­şam, nak­gaş­çy­lyk sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri, halk se­net­çi­li­gi us­sa­la­ry­nyň iş­le­ri, mil­li ly­bas­lar, şaý-sep­ler, saz gu­ral­la­ry, türk­men hal­ky­nyň dur­muş­da ulan­ýan ho­ja­lyk es­bap­la­ry gör­ke­zil­di.
Ru­hy­ýet köş­gü­niň za­ly­na ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Gut­lag­da: «Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­za ser­paý be­ren bu sun­gat baý­ra­my me­de­ni­ýet we sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni yl­ham dün­ýä­si­ne ga­nat­lan­dyr­ýar, tä­ze, kä­mil eser­le­ri dö­ret­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň do­wa­myn­da gu­ral­jak me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň her bi­ri ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, sun­gat us­sat­la­ry­nyň öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ryn­da, ila­tyň me­de­ni aň-bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, bu ul­gam­da­ky ösüş­le­ri­mi­zi giň­den wa­gyz et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar» diý­lip bel­le­nil­ýär.
Da­ba­ra sun­gat us­sat­la­ry­nyň, dür­li dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri – ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň, meş­hur saz to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bi­len do­wam et­di.

Hal­ka­ra me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de «Ma­ry» myh­man­ha­na­syn­da ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de hal­ka­ra me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Ol mil­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni hem-de ýur­du­myz­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri­ni, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar to­pa­ry­ny bir ýe­re jem­le­di. Oňa gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Rus­si­ýa­nyň «ITAR-TASS» ha­bar­lar agent­li­gi­niň baş di­rek­to­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Mi­ha­il Gus­man, Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU) Baş sek­re­ta­ry Ja­wad Mot­ta­gi, «Rus­sia To­day» te­le­ýaý­ly­my­nyň baş di­rek­to­ry Alek­seý Ni­ko­low, «TRT-niň» Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li Ugur Sa­mi Ge­zer, «Azer­baý­ja­nyň te­le­wi­de­ni­ýe­si we ra­dio­sy» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ra­fik Ga­şy­mow we beý­le­ki­ler bol­dy.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän me­dia­fo­ru­myň esa­sy me­se­le­si hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da­ky me­se­le bol­dy. Şeý­le hem gün ter­ti­bi­ne ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­tyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň eýe­le­ýän or­ny, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek, hal­ky­my­zyň baý mi­ra­sy­ny gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek, mil­li ru­hy we ah­lak däp­le­ri­niň hem-de maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­nyň do­wa­mat­ly­ly­gy ba­ra­da­ky me­se­le­ler gi­ri­zil­di.
Fo­ru­ma san­ly ul­gam ar­ka­ly Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU), TASS-nyň, «CGTN-Rus­si­an» hy­taý me­dia­kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň, «Ko­re­an Broadcas­ting Sys­tem», «So­ny Midd­le East and Af­rica FZE» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Tür­ki­ýä­niň «TRT World» te­le­ýaý­ly­my­nyň, «Rus­si­ýa 24», «Rus­sia To­day» ha­bar­lar te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň, «Se­tan­ta Sports», «Mir» hal­ka­ra te­le­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri we beý­le­ki­ler go­şul­dy­lar.
Çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan ga­za­ny­lan köp san­ly hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ryň esa­syn­da dün­ýä­niň iri ugur­daş dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ar­ka­ly hal­ka­ra me­dia­gi­ňiş­li­ge iş­jeň go­şu­lyş­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne soň­ky ýyl­lar­da dür­li ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ha­bar­lar agent­lik­le­ri we te­le­ra­dio kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar­dyr äht­na­ma­lar, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­ne ag­za bol­ma­gy aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Gü­nor­ta se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­na ýat­dan çyk­ma­jak sow­gat­lar
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Ma­ry we­la­ýat ki­tap­ha­na­syn­da «Ar­ka­da­gyň do­wa­ma­ty do­wam­dyr» ady bi­len iş mas­la­ha­ty we şyg­ry­ýet ag­şa­my ge­çi­ril­di. Oňa me­de­ni­ýet we bi­lim iş­gär­le­ri, ki­tap­ha­na işi­niň hü­när­men­le­ri, şa­hyr­lar­dyr ýa­zy­jy­lar, žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň we dö­re­di­ji­lik ag­şa­my­nyň çäk­le­rin­de, ru­hy mi­ra­sy go­rap sak­la­mak, ony dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek, döw­re­bap de­re­je­de me­de­ni aň-bi­lim iş­le­ri­ni gu­ra­mak ba­ra­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip, pi­kir al­şyl­dy.
Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ke­mi­ne adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ry­nyň sah­na­syn­da ýur­du­my­zyň wä­şi­le­ri­niň çy­kyş­la­ry dö­re­di­ji­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň do­wa­my bol­dy.
Şeý­le giň ge­rim­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin uly teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy hem bir hep­de­läp ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş et­jek ýe­ri­ne öw­rü­ler. Bu ýer­de Aş­ga­ba­dyň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy.
Dö­re­di­ji­lik fo­ru­myn­da il­kin­ji ge­zek hö­dür­le­nil­ýän çy­kyş­lar gü­nor­ta se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­na ýat­dan çyk­ma­jak sow­gat bo­lar. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi – 2022-niň çäk­le­rin­de meş­hur ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň we ýaş ze­hin­le­riň kon­sert­le­ri, çe­ki­len su­rat­la­ryň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň, fo­to­su­rat­la­ryň we ne­şir önüm­le­ri­niň ser­gi­le­ri, Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň dü­şü­ren ki­no­la­ry­nyň gör­ke­zi­liş­le­ri, usu­ly­ýet mas­la­hat­la­ry, wi­deo­mas­la­hat­lar, yl­my we ede­bi du­şu­şyk­lar gu­ral­dy.
Me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň köp­ta­rap­ly­ly­gy­ny gör­kez­di. Ol bol­sa türk­men hal­ky ta­ra­pyn­dan en­çe­me ýüz­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len baý mi­ra­sy go­rap sak­la­mak, tä­ze­den di­kelt­mek hem-de äh­li­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, onuň mun­dan beý­läk-de baý­laş­dy­ryl­ma­gy­ny we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ni kes­git­le­ýär.