Ýewropa Bileleşigi Ukraina we Moldowa dalaşgär statusy berdi. Bu barada gelnen karar agza ýurtlarynyň Brýusseldäki sammitiniň dowam edýän wagty mälim edildi. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bu kararyň ÝB ýolunda ähmiýetli ädimdigini aýdyp, ukrain we moldowa halkyny gutlady.

Dalaşgär statusy bir ýurduň Bileleşige agza bolmagynyň öň uzak ýyllap dowam edýän prosesiň ilkinji ädimi hasaplanýar. Doly agza bolmak üçin gepleşikler birnäçe ýyl dowam edýär.