Ilkinji uçýan
awtomobil
satuwa çykdy
Gollandiýanyň “PAL-V” kompaniýasy “Liberty Pioneer” hem-de “Liberty Sport” uçýan ulaglary üçin sargyt kabul edip başlady. Şereket bu görnüşli ulaglarynyň önümçiligine giň gerimde girişmegi göz öňünde tutýar. Häzirki zaman tehnologiýasynyň soňky gazananlarynyň netijesinde, öndürilýän bu ulaglaryň bahasy 400 müň dollardan başlanýar. Uçýan awtoulaglaryň eýeleriniň bolsa, uçarmanyň şahadatnamasyna eýe bolmagy zerurdyr.
Kompaniýanyň bu ulaglarynyň iki görnüşi hem 2 orunlyk bolup, onda iki hereketlendiriji bar. Olaryň biri ýolda sürmek üçin ulanylsa, beýlekisi uçmak üçin niýetlenilendir.
Ulagyň uçmagy üçin 200 metrlik meýdança we ýene-de asmanda 200 metr erkin giňişlik zerur. Ulaglaryň uçuş uzaklygy 500 kilometre deňeçer bolup, uçuş belentligi 3,5 kilometre çenli baryp ýetýär. Ol ýol we howa hereketiniň düzgünleri esasynda taýýarlanyldy.
Gollandiýanyň bu ulaglary hem ýerde, hem-de howada sagatda 180 kilometr tizlikde hereket etmek mümkinçiligine eýedir. Ýöne uçuş döwründe has köp ýangyç sarp edilýär. Uçýan ulagyň agramy 680 kilograma barabar bolup, uçuş döwründe ýene-de 230 kilograma çenli ýük götermäge mümkinçiligi bar.
“Uçýan gollandiýaly” taslamasynyň esaslandyrylan ýyly 2008-nji ýyla baryp ýetýär. Ony Gollandiýanyň Milli aerokosmos laboratoriýasy hem-de Delft uniwersiteti bilelikde taýýarlady. Şol döwürde uçýan enjamyň ilkinji görnüşi görkezilipdi. Ýöne şol ýyllarda enjamyň uçuşy amala aşyrmagynyň mümkinçiliginiň üstünde işlenilýärdi. 2012-nji ýylda ol uçuş synagyndan geçirildi. Ilkibaşda kompaniýanyň taslamasyny hususy maýadarlar maliýeleşdirýärdi. Soňra ýurduň Ykdysadyýet ministrliginden karz mümkinçiligi döredildi. Häzir taslamany ýurduň 3 ministrligi goldaýar.
Öňümizdäki 2 ýylyň dowamynda şeýle ulaglaryň önümçiligine girişmek göz öňünde tutulýar. Ol ulag ulgamyndaky hakyky öwrülişigiň başlangyjy bolar. Bilermenleriň bellemegine görä, şeýle ulaglaryň ilkinji müşderileriniň polisiýa we harby-hukuk hem-de lukmançylyk edaralarynyň boljakdygy aýdylýar.
Rowaýata öwrülen
“Nokia” dolanyp geldi
“Nokia” brendiniň eýesi rowaýata öwrülen “Nokia-3310” kysymly ykjam telefonyň häzirki zaman görnüşini öndürmäge girişdi. Finlýandiýanyň “HMD Global” kompaniýasy “Nokia” brendiniň esasynda täzeden önümçilige başlamagy maksat edinýär. Käbir maglumatlara görä, onuň bahasy 59 ýewro barabar bolar. Ony müşderileriň ikinji telefony hökmünde ulanmagy göz öňünde tutulýar. Ol bir gezek zarýad berlip, uzak günleriň dowamynda ulanmak mümkinçiligine eýe bolar.
“Nokia-3310” – taryhdaky iň şowly çykan telefon görnüşleriniň biri hasaplanýar. Onuň 200 milliondan gowragy satyldy. Üstümizdäki ýylda telefonyň bu görnüşiniň öndürilip başlananyna 17 ýyl dolýar. Onuň iň arzyly görnüşleriň biri bolmagyndaky esasy sebäpleriniň biri-de, onuň zarýadynyň uzak wagta çekmegidir. Şeýle hem onuň daşynyň berk hem-de çeýe bolmagy müşderileriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Telefony ýere näçe gaçyrsaň-da, onuň döwüljek gümany ýok.