Soňky ýyllarda elektroulaglaryň sany barha artýar. Bu ulaglardaky uly göwrümli batareýalar bolsa, birnäçe ýyldan soňra ulanyşdan galýar. Daşky gurşawy aýawly saklamak üçin beýleki ulanyşdan galan materiallaryň gaýtadan ulanylmagynyň zerur bolşy ýaly batareýalary hem çig mal hökmünde peýdalanmak ähmiýetli bolup durýar. Elektroulag önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan «Toyota» köne batareýalary gaýtadan ulanmak maksady bilen «Redwood Materials» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ulanyş möhleti tamamlanan ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen zeper ýeten batareýalar toplanyp, gaýtadan işlener. Iki kompaniýanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň durnukly ekoulgamy döretjekdigi bellenilýär. Batareýalar ýygnalandan soňra çig mala öwrüler. Şeýle hem käbir batareýalar oňarylyp, ikinji gezek hem ulanylar. «Toyota»-nyň bu ugurda iş alyp barýan bölüminiň ýolbaşçysy Kristofer Ýan: «Bu hyzmatdaşlyk howa goýberilýän zyýanly gazy nol derejä çenli peseltmek maksatnamasyna ýetmäge we hemmeleriň ýaşamagy üçin amatly planetany gurmak meýlimize goşant goşar» diýip belledi.
«Redwood» kompaniýasy häzirki wagtda her ýylda ulanyşdan galan batareýalary ýygnap, olardan täze batareýa öndürmek üçin çig mal alýar. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli ýyllyk bir milliondan gowrak batareýanyň öndürilmegi üçin gerekli materialy ýygnamagy maksat edinýär.
«Toyota» bolsa, 2030-njy ýyla çenli global elektroulag satuwyny sekiz milliona ýetirmek üçin 70 milliard dollar maýa goýum özleşdirer. Kompaniýa her ýylda jemi 10 million töweregi awtoulag öndürýär. «Redwood» kompaniýasy bolsa, batareýalary gaýtadan işleýän ýene bir önümçilik desgasyny gurmagy maksat edinýär.