1-nji iýundan Ýewropa Bileleşigine başlyklyk Fransiýadan Çehiýa geçdi. Her ýurt bu wezipäni alty aýlap dowam etdirýär. Şol gün Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Çehiýa sapar etdi. Ol ýurduň häkimiýetleri bilen Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk eden döwründe iş meýilnamasy we ýakyn wagtda çözülmeli derwaýys meseleler barada pikir alyşdy. Çehiýanyň Premýer-ministri Petr Fiala bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Ursula fon der Lýaýen ýakyn alty aýda Çehiýanyň bileleşigiň energetika, howa we sanly ulgam ugurlaryndaky meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine umyt bildirdi.
Petr Fiala Çehiýanyň Ýewropa Komissiýasy bilen häzirki wagtda aýratyn möhüm bolan energiýa meselesini çözmek, energiýa howpsuzlygyny güýçlendirmek we energiýanyň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen tagallalaryny birikdirjekdigini aýtdy. Ol Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryny häzirki çökgünligi gysga wagtda çözmek üçin utgaşdyrylan we bilelikdäki usulda energiýa syýasatlaryny tizleşdirmäge çagyrdy.
Mundan öň, Çehiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň başlygy hökmünde alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň migrasiýa krizisine garşy göreşmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, goranyşy güýçlendirmek we Ýewropa ykdysadyýetiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmakdygy habar berilipdi. Çehiýa 2004-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine girdi we 2009-njy ýylda ilkinji gezek başlyklygy öz üstüne aldy.