Belli amerikan aýdymçysy, Beýonse gysga göwrümli wideoýazgylary ýaýratmaga mümkinçilik berýän “TikTok” platformasyna goşuldy. Onuň yzarlaýjylarynyň sany bada-bat 3,5 milliona ýetdi. Şeýlelikde, Beýonseniň aýdymlary soňky ýyllarda barha ýaýraýan platformanyň ulanyjylary üçin hem elýeterli boldy. “TikTok” ulanyjylary mundan beýläk meşhur aýdymçynyň aýdymlaryna tomaşa edip bilerler.

Beýonseniň “Instagram” jemgyýetçilik torunda 268 million, “Facebook” torunda 56 million, “Twitter” torunda 15,5 million we “YouTube” torunda bolsa 24,7 million töweregi yzarlaýjysy bar. Doly ady Beýonse Žizel Noulz-Karter bolan aýdymçy 1981-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde dünýä inýär. Beýonse ady bilen tanalýan meşhur aýdymçy, aktrisa, tansçy hem-de saz prodýuseridir. Aýdymçy 1990-njy ýyllaryň ahyrynda meşhur bolup başlady. Ol birnäçe gezek “Gremmi” baýraklaryna mynasyp bolup, bu ugurda 28 baýrak gazandy. Şeýle hem MTV Wideo aýdym-saz baýragyna hem mynasyp boldy.