Iýun aýynda Hindistana “gara altyn” eksport boýunça Russiýa ikinji orny eýeledi, birinji orny bolsa Yrak eýeleýär diýip, “The Economic Times” neşiri Hindistanyň hökümet çeşmelere salgylanyp habar berýär.

“The Economic Times” gazeti bu depginiň häzir hem dowam edip, Russiýanyň Saud Arabystanyna garanyňda, Hindistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna has köp nebit satandygyny belleýär. Şeýle hem, Saud Arabystanynyň öz eksportyny Ýewropa yklymyna gönükdirmeginiň hasabyna, Hindistana nebit eksportynyň azalmagynyň öwezini dolýandygy habar berilýär. Hindi tarapy Russiýanyň “gara altynynyň” bahasyndaky uly arzanladyşlar sebäpli importy artdyrandygyny we ony satyn almagyň has köp girdeji getirendigini belleýär.    

Russiýanyň Hindistana nebit eksportyny artmagy, esasan, Russiýanyň hödürleýän bahasy bilen düşündirilýär. Häzirki wagtda  Russiýanyň “gara altyny”, Hindistanyň daşary ýurtlardan satyn alýan çig nebitiniň 10%-ini emele getirýär. Maglumatlara görä, mundan ozal Hindistanyň Russiýadan satyn alýan nebiti diňe 2%-e deňdi. Satyn alşyň az mukdary deňiz arkaly daşalýan ýüklere edilýän çykdajylar bilen baglanyşyklydy.