9-njy awgustda Keniýada geçirilen Prezident saýlawlarynda wise-prezident William Ruto ýeňiş gazandy. Saýlaw toparynyň bellemegine görä, Ruto 50,49% ses alyp, birinji tapgyrda ýeňiş gazandy. Onuň esasy bäsdeşi, öňki premýer-ministr Raila Odinga bolsa, 48,85% sese eýe boldy. Bu saýlawlara dört dalaşgär gatnaşdy. Iş başyndaky döwlet Baştutany Uhuru Keniata, konstitusiýa laýyklykda, öz dalaşgärligini hödürlemedi.

Gündogar Afrika Bileleşiginiň saýlawlara gözegçilik missiýasy saýlawlaryň erkin, adalatly we ynamly bolandygyny tassyklady. Missiýanyň başlygy, Tanzaniýanyň ozalky prezidenti Jakaýýa Kikwete saýlaw gurşawynyň asuda we parahat bolup, ses berişligiň talabalaýyk geçendigini belledi.

Keniýa Gündogar Afrikadaky döwlet bolup, 1963-nji ýylyň 12-nji dekabrynda garaşsyzlygyny gazandy. Häzirki wagtda Milletler Arkalaşygyna girýän bu döwlet Gündogar Afrika ýurtlarynyň arasynda ýokary depginli ösýän ýurtlardan biridir. Paýtagty Naýrobi bolan bu ýurduň 47 milliondan gowrak ilaty bar.