«For­mu­la Ros­sa» Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu-Da­bi şä­he­rin­dä­ki «Fer­ra­ri World» se­ýil­gä­hin­de ýer­leş­ýän dün­ýä­dä­ki iň çalt he­re­ket ed­ýän att­rak­si­on oýun ma­şy­ny­dyr. «In­ta­min» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2010-njy ýyl­da gur­lup ula­nyl­ma­ga ber­len «For­mu­la Ros­sa»-nyň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 240 ki­lo­met­re ýet­ýär.
Att­rak­si­on oýun ma­şy­nyn­da gid­raw­lik ul­gam ula­ny­lyp, 4,9 se­kunt­da ýo­ka­ry tiz­li­ge gal­ýar. «Ros­sa» for­mu­la­sy­nyň uzyn­ly­gy 2,2 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, «Au­tod­ro­mo Na­zio­na­le Mon­za» ital­ýan ýo­lu­nyň gur­lu­şyn­dan yl­ham al­nyp, ýo­luň öw­rüm­le­ri esa­syn­da iş­le­nip dü­zü­lip­dir. Ýo­kar­ky öw­rüm­le­ri 52 met­re ýet­ýän att­rak­si­on oýun ma­şy­ny 2,2 ki­lo­metr ýo­ly ba­ry-ýo­gy 1,32 mi­nut­da geç­ýär. «For­mu­la Ros­sa»-da Fer­ra­ri­niň şe­ki­lin­de dö­re­di­len ma­şyn­lar he­re­ket edip, her bir sy­ýa­hat­çy ho­wa­da­ky bö­le­jik­ler­den go­ran­mak üçin äý­nek dakynmaly bol­ýar.