«Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda we ýaralanmak zerarly hassahanalarda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
Täze neşir hormatly Prezidentimiziň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli Gutlagyndaky: “Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir” diýen sözler bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar.
1993 — 1998-nji ýyllar aralygynda çap edilen bu giň gerimli işiň üçünji jildi “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýylda gaýtadan neşir edildi. Bu neşirde Daşoguz welaýatynda önüp-ösen türkmenistanly gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine sarpa öz beýanyny tapýar. Ozal bar bolan maglumatlaryň ulgamlaşdyrylmagy, üstüniň doldurylmagy hem-de elipbiý tertibinde ýerleşdirilmegi okyjylaryň maglumatlary özleşdirmegini ýeňilleşdirýär hem-de täze neşiriň tapawutly aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.
Gaýduwsyz esgerleriň, şol sanda biziň watandaşlarymyzyň söweş meýdanlarynda görkezen görlüp-eşidilmedik edermenligi, belent ynsanperwerlik ruhy, gaýduwsyzlygy, watançylygy, raýdaşlygy netijesinde, häzirki wagtda biziň hem-de çagalarymyzyň asuda asmanyň astynda, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygymyz ýyl-ýyldan has aýdyň duýulýar. Şoňa görä-de, biz taryhy hakydany saklamalydyrys, wepat bolan esgerleriň birini-de unutmaly däldiris, häzirki wagtda ýaşap ýören uruş hem-de zähmet weteranlaryna minnetdar bolmalydyrys, ýaşlary olaryň mysalynda terbiýelemelidiris.
Neşiriň üçünji jildi Türkmenistanyň hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň harby komissarlyklarynyň, Daşoguz welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň durmuş üpjünçiligi bölümleriniň resminamalaryny, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryny, terjimehal maglumatlaryny, ylmy makalalary, döwürleýin neşirleri, şeýle hem wepat bolan esgerleriň garyndaşlarynyň beren maglumatlaryny öz içine alýar. Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistandan urşa 200 müňden gowrak esger, şol sanda Daşoguz welaýatyndan 30 müňe golaý adam çagyrylypdyr. Olaryň 8 müňden gowragy wepat bolupdyr we söweş meýdanlarynda dereksiz ýitipdir.
Kitapda esgerlerden gelip gowşan üçburç hatlar ýerleşdirilýär, uruş ýyllarynda hem-de häzirki günlerde döredilen, aýratyn ruhy joşgun bilen tapawutlanýan goşgular getirilýär. Täze neşirde esgerleriň doglan güni we ýeri, harby derejeleri, aradan çykan, jaýlanan wagty baradaky maglumatlardan başga-da, esgeriň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar görkezilýär.
Bu neşir diňe bir türkmenistanly esgerleriň edermenlikleri barada bolman, eýsem, ol tylda zähmet çeken hem-de tutanýerli zähmeti bilen Ýeňşi ýakynlaşdyran zenanlaryň we çagalaryň gahrymançylyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar, şeýle-de welaýatyň çäginde ýerleşýän memorial ýadygärlikleriň arhiwden ýüze çykarylan suratlary bilen hem baýlaşdyryldy. Bu resminamalaryň ählisi türkmen halkynyň gaýduwsyz ogullarynyň baky edermenliginiň subutnamalarydyr.
Umuman, neşiriň üçünji jildi, tutuşlygyna “Hatyra” kitaby şol gahrymançylykly döwür baradaky hakydanyň ebedileşdirilmegine ýardam berer. Ol giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň neşire taýýarlan bu kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edildi.