Pekin şäherine gelýänler üçin Beýik Hytaý diwaryna baryp görmek däp bolan ýörelgedir. Üç bölekden ybarat Beýik Hytaý diwarynyň Simatai bölüminde gijeki gezelençler guralýar. Simatai beýik diwary Miýun şäheriniň demirgazygynda, Pekiniň merkezinden, takmynan, 120 kilometr uzaklykda, Gubeikoudaky Beýik diwar bölegine ýakyn ýerde ýerleşýär. Pyýada ýöriş Zhuanduo diňinden başlanyp, Baş diňi, Uly Jinşan diňi, Gül diňi, Burç diňi ýaly birnäçe diňleri görmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde 6 sagatlyk «Simatai Great Wall» we «Gubei Water Town» ýaly gijeki gezelençler guralyp, syýahatçylar Gubei suw şäherçesiniň ajaýyp keşbinden hem-de ýyldyzlary bilen lowurdaýan asmanyň owadanlygyndan lezzet alýarlar.
Syýahatçylaryň gijeki geçjek ýoly çyralar bilen ýagtylandyrylyp, howpsuzlyk çäreleri göz öňünde tutulandyr. 3 ýaşdan kiçi çagalara we 80 ýaşdan uly syýahatçylara Beýik Hytaý diwaryna çykmaklyga rugsat berilmeýär. Şeýle hem ýagyşly, garly we şemally günler bu ýerde gezelençler guralmaýar.
Beýik Hytaý diwary Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän dünýädäki iň uly ýadygärlikleriň biridir. Uzynlygy, takmynan, 21 müň 196 kilometr bolup, birnäçe asyrlaryň dowamynda gurulýar. Bu taryhy ýadygärlik 1987-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem 2007-nji ýylda «Dünýäniň ýedi täsinliginiň» sanawyna goşulýar.