Täze Zelandiýanyň medeni zolakdan uzakdaky Kampbell adasynda ösüp oturan ýeke-täk agaç tebigaty öwrenmäge ýardam eder. Adada bir asyr ozal oturdylandygy çaklanylýan agaç iň “ýalňyz” agaç hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Uzynlygy 9 metre barabar bolan arça Täze Zelandiýanyň 700 kilometr günortasyndaky gyrymsy agaçlyklar bilen örülen adada ösüp oturan ýeke-täk agaç. Tebigaty öwreniji doktor, Joselin Tornbull bu agajyň Günorta ummanynyň kömürturşy gazynyň nädereje özüne çekýändigini öwrenmekde ähmiýetli boljakdygyny belleýär. Tornbullyň ýolbaşçylyk edýän alymlar topary howa goýberilýän kömürturşy gazynyň uly bölegini özüne çekýän ummanlar barada barlag geçirýärler. Doktoryň aýtmagyna görä, ýakylýan ýangyjyň netijesinde emele gelen kömürturşy gazynyň ýarysynyň howada galýandygyny, ýarysynyň ýere we ummanlara siňip gidýändigini belleýär. Günorta ummanynyň Ýer ýüzünde emel gelýän kömürturşy gazynyň 10 göterimini özüne çekýändigi çaklanylýar. Ylmy toparyň esasy maksady bu ummanyň has köp kömürturşy gazyny özüne çekmegi üçin nämeler edilip bilinjekdigini öwrenmekden ybarat.
Bu sebitde mundan ozal dürli ýyllarda ylmy barlaglar geçirilipdir. Çaklanyşyna görä, bu ýeri soňky ýyllarda has köp kömürturşy gazyny özüne siňdiripdir. Tornbull munuň sebäbini öwrenmek isleýär. Şol sebäpli alymlar bu agajyň halkalarynyň geçen ýyllara degişli gymmatly maglumatlary hödürläp biljekdigini çaklaýarlar. Sebäbi, agaçlar ösüşini dowam etdirmek üçin howadan kömürturşy gazyny sorup alýar. Netijede, howadaky kömürturşy gazy agajyň halkasynyň nähili ululykda boljakdygyny kesgitleýär.
Merdan Serhenow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.