“Peugeot” kompaniýasy täze 308 madeliniň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini tanyşdyrdy. “Station wagon” nowaly “Peugeot E-308” elektroulagy fransuz brendiniň elektroulag bazaryndaky ornuny berkider. Kompaniýa“Peugeot E-308” hem-de “Peugeot E-308 SW” (hetçbek) modellerini köpçülige görkezdi. Bu iki ulagyň geljek ýylyň ortalarynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Iki ulagda-da 54 kW/sagat kuwwaty bolan ýokary woltly batareýa bar. Ulagyň batareýasy täze tehnologiýanyň önümi bolup, 80 %-i nikel, 10%-i marganes we 10%-i kobaltdan öndürilipdir. “Peugeot E-308” geçen ýyl tanyşdyrylan 308 modeliniň platformasynda gurlupdyr. Iki modeliň hem içki we daşky dizaýny meňzeş. Emma elektrik energiýaly modellerde, esasan, öň tarapda aerodinamika babatda üýtgeşmeler girizipdir.

Elektroulaglarda täze işlenip taýýarlanan motor oturdylypdyr. Bu motoryň kuwwaty 156 at güýjüne barabar.

Durdymämmet Amanmämmedow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby