Se­na­gat­da peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len dür­li mag­dan­lar ga­zy­lyp alyn­ýar. Bu mag­dan­lar, esa­san, ener­gi­ýa we çig mal hök­mün­de peý­da­la­n­mak mak­sa­dy bi­len za­wod­dyr fab­rik­le­re ibe­ril­ýär. Mu­nuň üçin bol­sa aşa kuw­wat­ly ýük ulag­la­ry­na ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Si­zi dag-mag­dan ul­ga­myn­da peý­da­la­nyl­ýan dün­ýä­niň iň uly ýük ulag­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýa­rys.

«Be­laz 75710». 2013-nji ýyl­da Be­la­ru­suň BE­LAZ-HOL­DING kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len «Be­laz 75710» mag­dan kän­le­ri­ni da­şa­mak üçin ni­ýet­le­nen dün­ýä­dä­ki iň uly ýük ula­gy­dyr. Ag­ra­my 360 ton­na, uzyn­ly­gy 20,6 met­re, be­ýik­li­gi 8,16 met­re we ini 9,87 met­re ýet­ýän äpet ýük ula­gy­nyň 8 sa­ny uly te­ke­ri bo­lup, 496 ton­na ýü­ki gö­te­rip bil­ýär. Ula­gyň te­ker­le­ri­ni «Miche­lin» fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy ön­dür­ýär. «Be­laz 75710»-a iki sa­ny 16 si­lindr­li tur­bo gör­nüş­li di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­si otur­dy­lyp, 100 ki­lo­metr­de 1300 litr ýan­gyç sarp ed­ýär. Onuň her he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň kuw­wa­ty 2300 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lup, sa­gat­da­ky tiz­li­gi 64 ki­lo­met­re deň.

«Cater­pil­lar 797F». «Cater­pil­lar» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Cater­pil­lar 797F» ulu­ly­gy bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji orun­da dur­ýan dag-mag­dan ula­gy­dyr. Ag­ra­my 307 ton­na, uzyn­ly­gy 14,8 met­re, be­ýik­li­gi 6,52 met­re we ini 9,75 met­re deň bo­lup, 6 sa­ny te­ker­i bi­len 380 ton­na çen­li ýük gö­te­rip bil­ýär. Ýük ula­gy­na «Cat C175-20» dört bas­gan­çak­ly 20 si­lindr­li tur­bo gör­nüş­li di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­si or­naş­dy­ry­lyp, umu­my kuw­wa­ty 4000 at güý­jü­ne ba­ra­bar. 1998-nji ýyl­dan bä­ri dag-mag­dan kä­nle­rin­de iş­le­dil­ýän «Cater­pil­lar 797F»-niň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 68 ki­lo­met­re deň.

«Li­eb­herr T 282C/T 284». Ne­mes-şweý­sar kom­pa­ni­ýa­sy «Li­eb­herr» ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Li­eb­herr T 282C/T 284» ýük ula­gy «IGBT AC» elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. «Li­eb­herr»-iň T 282C we T 284 mo­del­le­ri teh­ni­ki ba­bat­da bi­ri-bi­ri­ne meň­zeş­dir. Ag­ra­my 301 ton­na, uzyn­ly­gy 15,69 met­re, be­ýik­li­gi 7,42 met­re we ini 9,679 met­re ba­ra­bar bo­lan bu ýük ula­gy­nyň umu­my kuw­wa­ty 3,750 at güý­jü­ne deň. 20 si­lindr­li di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lan bu ýük ula­gy­nyň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 64 ki­lo­met­re ýet­ýär. Onuň ýük gö­te­ri­ji­li­gi 360 ton­na ba­ra­bar.

«Te­rex/Bucyrus MT6300AC». 2010-njy ýyl­da «Te­rex» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dag-mag­dan teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­ýän bö­lü­mi «Bucyrus»-a sa­tyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dü­ren «MT6300AC» ýük ula­gy so­wuk ho­wa­da iş­le­mä­ge çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 360 ton­na ýük gö­te­ri­ji­li­gi bo­lan «MT6300AC»-niň 20 si­lindr­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ikin­ji mo­to­ry hem bar. Di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­li ula­gyň sa­gat­da­ky tiz­li­gi 64 ki­lo­met­re ýet­ýär. «MT6300AC»- niň ag­ra­my 300 ton­na, be­ýik­li­gi 7,92 metr, uzyn­ly­gy 14,63 metr bo­lup, umu­my kuw­wa­ty 3,750 at güý­jü­ne deň.

«Ko­mat­su 980E-4». Ýa­pon-ame­ri­kan bi­le­lik­dä­ki kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2016-njy ýyl­dan bä­ri ön­dü­ril­ýän «Ko­mat­su 980E-4»-iň ýük gö­te­ri­ji­li­gi 400 ton­na ba­ra­bar­dyr. Ýük ula­gy­nyň ag­ra­my 225 ton­na, be­ýik­li­gi 7,09 metr we ini 10,01 metr bo­lup, «SSDA18V170» he­re­ket­len­di­ri­ji­si 18 sa­ny V gör­nüş­li si­lindr bi­len iş­le­ýär. Elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji ul­ga­my hem bo­lan «Ko­mat­su 980E-4» sa­gat­da 61 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär. Di­zel mo­tor­ly ýük ula­gy­nyň umu­my kuw­wa­ty 3500 at güý­jü­ne deň.