Aýdym-sazlary onlaýn diňlemäge mümkinçilik berýän “Spotify” platformasy audio kitaplary hem hödürläp başlady. Şeýle hem platforma sesli kitaby okamaga hem mümkinçilik hödürledi. Häzirki wagtda bu platformanyň elektron kitaphanasynda 300 müň kitap bar.

Aýdym-saz platformalarynyň sanynyň artmagy bu ugurdaky bäsdeşligi artdyrýar. Häzirki wagtda köp adam wagtyny tygşytlamak üçin sesli kitaplary diňleýärler. Şol sebäpli sesli kitap hödürleýän platformalar hem köp.

Ilkibaşda aýdym-sazlary onlaýn diňlemäge mümkinçilik berýän “Spotify” wagtyň geçmegi “Podcast”-leri hem hödürläp başlapdy. platformanyň diňleýjileriniň sany şondan soňra has artypdy. Edebi eserleriň we beýleki ses ýazgylarynyň elektron enjama göçürip alyp bolýan kiçi göwrümli görnüşine “podcast” diýilýär. “Podcast” aýdym, saz, hekaýa ýa-da eserden islendik bir parça hem bolup bilýär.

Arzuw Allamyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby