Hytaý kompaniýalary demir ýol ulaglaryny we tehnologiýasyny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjylary hasaplanýar. Fransiýanyň “Alstom” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän “CRRC Puzhen Alstom ulag ulgamlary” şereketi sürüjisiz monorels otlusyny tanyşdyrdy. Ýurtda geçirilýän Bütindünýä önümçilik maslahatynda görkezilen ýolagçy otlusy ýerasty metrolardan arzan bolmagy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli hytaý şäherleriniň köpüsinde monorels otlularyndan peýdalanylýar. Adaty monorelslerden tapawutlylykda bu otlularyň adaty kauçuk tekerleri bar. Jemgyýetçilik ulagynyň bu görnüşiniň ýoluny gurmak metrodan üç esse arzan bolmagy bilen tapawutlanýar. Metrodan ep-esli ýeňil, sessiz we tygşytly bolandygy üçin uly şäherleriň ýol dyknyşygyny aýyrmak üçin netijeli çözgütleriň biri hasaplanýar.
Hytaý bu otlulary Taýland we Braziliýa ýaly ýurtlara-da eksport edipdir.
Eziz Dosmyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby