18-23-nji oktýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwaly geçirildi. Festiwala Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry ahalteke bedewiniň dünýädäki şöhratyny, şeýle hem, türki halklaryň dost-doganlygyny dabaralandyrýan, Baba Annanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak at» atly spektakly bilen gatnaşyp üstünlikli çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, belli kinoaktýor, režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow «Ak at» atly pýesasyny öz durmuşyndan we taryhy wakalardan ylham alyp döredipdir. Onda Aşgabat ýertitremesinde ýanýoldaşyny we 3 aýlyk çagasyny ýitiren Jemal ejäniň Baku şäherinde uzak ýyllaryň dowamynda bejergi alansoň, öz perzendiniň gözlegine çykyşy hem-de Nazira atly özbek zenanyň Daşkent şäherindäki çagalar öýünden alyp, ogullyk edip terbiýeleýşi örän tasirli wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Jemal ejä perzendi Alyşiri tapmaga, seýis kakasy tarapyndan ýasalyp, çagaka boýnuna dakylan dagdandan bejerilen ak atyň heýkeljigi ýardam edýär.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary bu sahna eserinde şeýle täsirli wakalaryň üsti bilen köp asyrlyk taryhly halkymyzyň parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik hem-de dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrdy. Sahna eserinde bedew atyň türkmen bilen ykbaldaşlygy hem-de ýigidiň goşa ganatydygy durmuş wakalarynyň üsti bilen janlandyryldy.
Halkara festiwalyň emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Ak at» atly sahna eseri halkara teatr festiwalynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de dostluk mowzugy boýunça «Iň gowy sahna eseri» atly baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de teatryň döredijilik toparynyň sahnalaşdyran «Ak at» atly spektakly TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň kubogy bilen sylaglandy.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF








