“Airbus” kompaniýasy “X-Works Innovation” atly zawodynda işläp taýýarlan şöhle toplaýjy tehnologiýasy arkaly energiýany howadan geçirmegi synag edip gördi. Bu taslama kosmos giňişliginde öndürilen energiýany Ýere getirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Bilermenler bu tehnologiýanyň infrastrukturasynyň energiýa öndürmek üçin ulanylýan beýleki usullaryňkydan gymmat bolmajakdygyny belleýärler. Nusgalyk taýýarlanan enjamlarda geçirilen synagda mikr...