“Airbus” kompaniýasy “X-Works Innovation” atly zawodynda işläp taýýarlan şöhle toplaýjy tehnologiýasy arkaly energiýany howadan geçirmegi synag edip gördi. Bu taslama kosmos giňişliginde öndürilen energiýany Ýere getirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Bilermenler bu tehnologiýanyň infrastrukturasynyň energiýa öndürmek üçin ulanylýan beýleki usullaryňkydan gymmat bolmajakdygyny belleýärler. Nusgalyk taýýarlanan enjamlarda geçirilen synagda mikrotolkunlar 36 metr aralyga hiç hili geçiriji bolmazdan iberildi. “Power Beaming” atly bu ulgam Gün şöhlesini alyp, energiýa öwürmegini we bu energiýanyň uzak aralyga iberilip, şol ýerde kabul edilmegini öz içine alýar. Synagyň şowly geçendigi mälim edildi. Bilermenler atmosferanyň daşyna ýerleşdiriljek şöhle toplaýjy paneller Ýer ýüzündäkä garanyňda has köp energiýany ýygnap bilýärler. Şeýle hem kosmos giňişligindäki Gün paneli gije-gündiz bolmazdan, hemişe işleýär. Bu energiýa bolsa, Ýerdäki bellenen panele iberiler. Bu energiýa şöhleleri bulutlardan hem örän az ýitgi bilen geçerler.
“Airbus”-yň bilermenleri bu tehnologiýanyň energiýa üpjünçiliginde durnuklylygy gazanmaga mümkinçilik berer. Bu energiýany islendik ýere ugrukdyryp bolýandygy sebäpli, gymmat infrastruktura, ýüzlerçe kilometre uzap gidýän energiýa geçirijilere zerurlyk duýulmaz. Şeýle usul arkaly ilkinji önümçiligiň 2030-njy ýyllaryň başynda ulanylyp başlanjakdygy bellenilýär.
PDF









