“Bundesliganyň” wekili “Baýer” toparyndan berlen maglumata görä, toparyň eýranly hüjümçisi Serdar Azmun myşsalaryndan şikes aldy. 27 ýaşyndaky hüjümçiniň 6-8 hepde aralygynda meýdança çykyp bilmejekdigi habar berildi. Şol mynasybetli meşhur hüjümçiniň Dünýä Kubogynda-da oýnamak mümkinçiligi sowal astynda bolup, onuň Katardaky şüweleňiň daşynda galmagy-da ahmal. Katardaky 22-nji Dünýä Kubogy 20-nji noýabrda başlap, 18-nji dekabrda tamamlanar. Eýranyň ýygyndysy Dünýä Kubogynda “B” toparçada Angliýanyň, ABŞ-nyň hem-de Uelsiň ýygyndylary bilen duşuşar.