Moto GP boýunça möwsümiň 18-nji ýaryşy Awstraliýanyň Fillip Adasynda geçirildi. 27 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Suzuki Ecstar” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Aleks Rins ýeňiş gazandy. 40 minut 50,654 sekuntda pellehana gelen 26 ýaşyndaky Rins karýerasy boýunça 4-nji gezek ýeňiji boldy. Ýeňijiden 0,186 yza galan watandaşy Mark Markes (“Repsol Honda”) 2-nji ýeri eýeledi. Çekeleşikli geçen ýaryşda öňdäki 7 orny eýelän sürüjiler ýeňijiden bary-ýogy 0,8 sekunt yza galdy. “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia ýaryşda ýeňijiden 0,224 sekunt soň pellehana gelip, 3-nji orna mynasyp boldy. Sanawyň lideri hökmünde ýaryşa gatnaşan “Monster Energy Yamaha” toparynyň fransuz sürüjisi Fabio Kuartarao bäsleşigi tamamlap bilmedi. Şeýlelikde, bu ýaryşdan soň sanawyň lideri üýtgedi. Utugyny 233-e ýetiren Banaia möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, 2019 utukly Kuartararodan 14 utuk öňe saýlandy. “Aprilia” toparynyň 206 utukly ispan sürüjisi Aleiks Espargaronyň az hem bolsa çempion bolmak mümkinçiligi bar.
Möwsümiň 19-njy ýaryşy 29-njy oktýabrda Malaýziýada geçiriler.