Woleýbol boýunça Niderlandlarda hem-de Polşada geçirilen zenanlaryň arasyndaky 19-njy Dünýä çempionatynda çempion üýtgemedi. Finalda Braziliýany 3:0 hasabynda ýeňen Serbiýanyň zenanlar ýygyndysy bassyr 2-nji çempionlygyny gazandy. 1-2-nji setler çekeleşikli geçip, serbler 26:24 hem-de 25:22 hasaplar bilen üstün çykdy. 3-nji setde bolsa çempionlyk arkaýynlyk bilen oýnap, 25:17 hasabynda garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi we bassyr 2-nji gezek Dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Serbiýanyň ýygyndysy ozalky SSSR-den, Ýaponiýadan, Kubadan, Hytaýdan hem-de Russiýadan soň çempionlygyny goran 6-njy topar boldy.
Braziliýanyň zenanlar ýygyndysy bolsa 4-nji gezek finalda utulyp, olaryň çempionlyk umydy indiki ýaryşlara galdy. Toparyň tälimçisi, 19 ýyldan bäri bu topara tälim berip gelýän Ze Roberto 3-nji gezek finalda ýeňildi. 68 ýaşyndaky tälimçi Braziliýanyň ýygyndysyna 2 gezek Olimpiýa altyn medalyny gazandyrsa-da, oňa häzirlikçe Dünýä çempionatynyň çempionlygyna ýetmek başardanok.
Ýene-de Boşkowiç
Serbiýanyň ýyldyzy Tatiýana Boşkowiç çempionatyň iň ökde oýunçysy saýlandy. Ol geçen çempionatda-da bu hormata mynasyp bolupdy. Ol kubaly Regla Torresden soň yzly-yzyna 2 çempionatda iň ökde saýlanan 2-nji woleýbolçy boldy.
Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Italiýanyň ýygyndysy ABŞ-nyň ýygyndysyndan 3:0 (25:20, 25:15, 27:25) üstün çykyp, ilkinji gezek 3-nji ýeri eýeledi.