Formula 1 boýunça möwsümiň 20-nji ýaryşy Meksikada geçirilip, çempionlygyny ozal yglan eden “Red Bulluň” niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ilkinji hatardan bat alan Werstappen paýtagt Mehiko Sitidäki Hermanos Rodrigesiň adyny göterýän trassada geçirilen 71 aýlawlyk ýaryşy 1 sagat 38 minut 36,729 sekuntda tamamlamagy başardy. Şeýlelikde, şu möwsümde 14-nji, karýerasy boýunça-da 34-nji gezek münberiň çür depesine çykan Maks Werstappen bir möwsümde iň köp ýeňiş gazanan sürüji boldy. Ol bu ugurda 13 ýeňşi bolan germaniýaly pilotlar – Mihael Şumaher hem-de Sebastian Wetteliň rekordyny täzelemegi başardy.

Ýaryşda ýeňijiden 15,186 sekunt soň pellehana gelen britaniýaly Lýuwis Hamilton (“Mercedes”) 2-nji, ýeňijiniň topardaşy, meksikaly Serhio Peres bolsa 18,097 sekunt yza galyp, 3-nji ýeri eýeledi.

“Mercedes” toparynyň beýleki britan sürüjisi Jorj Rasseliň 4-nji ýeri eýelän ýaryşynda “Ferrariniň” pilotlary – ispaniýaly Karlos Saýns Junior bilen monakoly Şarl Lekler 5-6-njy orunlara mynasyp boldular.

Möwsümiň 21-nji ýaryşy 13-nji noýabrda Braziliýada geçiriler.