2-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de RF-niň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň umu­my mej­li­sin­de mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­kyş et­di hem-de Rus­si­ýa­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­syn­da du­şu­şyk ge­çir­di.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy umu­my mej­li­si açyp, Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şin­de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň meş­hur döw­let sy­ýa­sy iş­gä­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň sa­par­da bol­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Wa­len­ti­na Mat­wi­ýen­ko­nyň bel­leý­şi ýa­ly, Gurbanguly Berdimuhamedow üç ge­zek ýur­duň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­nyl­dy. 2021-nji ýyl­dan bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň par­la­men­ti­niň ýo­kar­ky pa­la­ta­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär, öz ýur­dun­da hem, onuň çäk­le­rin­den uzak­da hem uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýar. Mil­le­tiň he­ma­ýat­kä­ri, öň­baş­çy­sy di­ýen ma­ny­ny özün­de jem­le­ýän Ar­ka­dag ady­na res­mi de­re­je­de eýe bol­dy. Ar­ka­da­gyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da beý­le­ki halk­lar ba­bat­da türk­men mil­le­ti­ne mah­sus bo­lan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li­lik sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­run­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar di­ýip, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy sö­zü­ni do­wam et­di.
Soň­ky ýyl­lar­da bi­ziň kär­de­şi­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de hut özü­niň gat­naş­ma­gyn­da kö­pu­gur­ly par­la­ment gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­lar örän ýo­ka­ry de­re­jä çy­ka­ryl­dy di­ýip, Wa­len­ti­na Mat­wi­ýen­ko aýt­dy. Şu ýy­lyň maý aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň, şeý­le hem «5+1» tä­ze «Aş­ga­bat gör­nü­şin­de» Ze­nan­la­ryň dia­lo­gy­nyň uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ri­len­di­gi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da-da bu baş­lan­gyç­lar iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär hem-de tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Rus­si­ýa­nyň ha­ky­ky dos­tu­dyr hem-de rus-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da köp ta­gal­la ed­ýär we gu­jur-gaý­ra­ty­ny gaý­gyr­ma­ýar. Köp san­ly äh­mi­ýet­li tas­la­ma­lar Ar­ka­da­gyň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr, ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­kit­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di di­ýip, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň hor­mat­ly Ar­ka­dag Gurbanguly Berdimuhamedowy ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy — IV de­re­je­li «Wa­ta­nyň öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin» or­de­ni bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky çöz­gü­di Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na goş­ýan uly go­şan­dy­nyň yk­rar­na­ma­sy bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň alyp bar­ýan döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik işi­niň ýaş ne­sil üçin nus­ga­lyk gö­rel­de­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­läp, Wa­len­ti­na Mat­wi­ýen­ko hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz ber­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­ny hem-de Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­ny mü­bä­rek­läp, il­ki bi­len, Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy Wa­len­ti­na Mat­wi­ýen­ko Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na res­mi sa­par bi­len gel­mä­ge ça­ky­ly­gy hem-de RF-niň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň be­lent mün­be­rin­de çy­kyş et­mä­ge, iki­ta­rap­la­ýyn par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­ma­ga, ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi bo­ýun­ça öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin aý­ra­tyn min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Rus­si­ýa­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ýa­kyn öza­ra gat­na­şyk­la­ry iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky top­lum­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mö­hüm we aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň par­la­ment­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Dur­nuk­ly par­la­men­ta­ra dia­log ýo­la go­ýul­dy, hü­när gat­na­şyk­la­ry­nyň gu­ral­la­ry iş­le­dil­di, yzy­gi­der­li esas­da we­ki­li­ýet­ler al­şyl­ýar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy hem-de bu işi iki döw­le­tiň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm we ne­ti­je­li bö­le­gi ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, oňa ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Rus­si­ýa­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­nyň iki ýur­duň par­la­ment­le­ri­niň ýo­kar­ky pa­la­ta­la­ry­nyň Baş­lyk­la­ry­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň de­re­je­sin­de Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça par­la­men­ta­ra to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni Türk­me­nis­ta­nyň uly hor­mat bi­len gol­dan­dy­gy hem-de ony iki ta­ra­pyň hem bäh­bi­di­ne la­ýyk ha­sap­la­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Türk­men-rus par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar. Bi­ziň par­la­men­ta­ri­le­ri­mi­ziň hal­ka­ra fo­rum­la­ryň işi­ne gat­naş­ma­gy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy üçin amat­ly hu­kuk ýag­daý­la­ry­ny we şert­le­ri­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy we açyk­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak işi­ne uly go­şant goş­ma­ga, dün­ýä­niň sy­ýa­sy gün ter­ti­bi­ne oňyn iter­gi ber­mä­ge, yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­nyň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ter­tip­na­ma­sy­nyň düz­gün­le­ri­niň, esa­sy hal­ka­ra yla­la­şyk­la­ryň we kon­wen­si­ýa­la­ryň ýo­ýul­ma­gy­na ýol ber­mez­li­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dür­li ýurt­la­ryň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň, dün­ýä­de dö­re­di­len par­la­ment bir­le­şik­le­ri­niň, il­kin­ji no­bat­da, ola­ryň iň iri­si­niň we ab­raý­ly­sy­nyň – Par­la­men­ta­ra Bir­le­şi­giň or­ny ýo­kar­lan­ýar di­ýip, hormatly Arkadagymyz aýt­dy.
Hä­zir­ki gün­de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň gör­nü­şin­dä­ki gat­na­şyk­lar uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, bu gel­je­gi örän uly ugur di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Rus­si­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň bu meý­dan­ça­da bi­le­lik­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry bi­len, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, yn­san­per­wer, jem­gy­ýet­çi­lik, me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, ze­nan­la­ryň we ýaş­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak me­se­le­le­rin­de baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş et­me­li­dik­le­ri­ni bel­le­di.
Se­bit we se­bi­ta­ra par­la­ment fo­rum­la­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki bi­le­lik­dä­ki işi­miz ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýe­ne-de bir gör­nü­şi­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň maý aýyn­da Türk­me­nis­tan­da üs­tün­lik­li ge­çen iki iri çä­rä­niň – Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa­nyň Ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.
Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň oňyn ösü­şi­ni, eks­port-im­port amal­la­ry­nyň möç­be­ri­niň art­ýan­dy­gy­ny, türk­men we rus kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň giň möç­ber­li, uzak möh­let­le­ýin yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Ener­ge­ti­ka, ulag, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­gam­la­ry, se­na­gat, söw­da, oba ho­ja­ly­gy ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Hä­zir­ki gün­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň şu we beý­le­ki ugur­la­ryn­da Türk­me­nis­tan­da tä­ze önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, ýol­la­ry we dü­züm­le­ri gur­ma­ga, dür­li pu­dak­la­ra in­no­wa­si­ýa­la­ry, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Biz he­mi­şe Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, ola­ra tä­ze hil-hä­si­ýe­tiň be­ril­me­gi, bu gat­na­şyk­la­ryň kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­ma­gy we şun­da esa­sy or­nuň ma­ýa go­ýum, ma­li­ýe, teh­no­lo­gi­ýa ugur­la­ry­na de­giş­li bol­ma­gy ug­run­da çy­kyş ed­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Arkadagymyz aýt­dy.
Bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, ýo­kar­da ag­za­lan we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne iki ýur­duň par­la­men­ta­ri­le­ri öz go­şan­dy­ny goş­ma­ly­dyr­lar. Hä­zir­ki döw­rüň yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­ýän tä­ze ka­nun­la­ry ka­bul et­mek, bu ugur­da mil­li ka­nun­çy­lyk­la­ry­my­zy oý­la­ny­şyk­ly we de­ňag­ram­ly saz­laş­dyr­mak, iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy yla­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da tas­syk­la­mak, yk­dy­sa­dy taý­dan koo­pe­rir­leş­me­giň me­se­le­le­ri­ne par­la­ment de­re­je­sin­de öza­ra ga­ra­mak türk­men-rus yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, bi­ziň ýa­kyn wagt­da ga­ra­ma­ly me­se­le­le­ri­mi­ziň di­ňe bir bö­le­gi­dir di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy.
Bi­ziň şu gün­ki du­şu­şy­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň halk­la­ry­nyň me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­na gys­ga­ça üns çek­mä­ge oňyn müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Halk­la­ry­my­zyň ga­dy­my ta­ry­hy, me­de­ni kök­le­ri­niň we dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­nyň umu­my­ly­gy, pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, ada­lat­ly­lyk tag­lym­la­ry­na esas­lan­ýan däp-des­sur­la­ry kö­pu­gur­ly iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin berk bin­ýat­dyr. Me­de­ni­ýe­tiň, sun­ga­tyň, yl­myň, bi­li­miň üs­ti bi­len biz hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň stra­te­gi­ýa­sy­ny we maz­mu­ny­ny baý­laş­dy­ryp bi­le­ris di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy hem-de hä­zir­ki pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Türk­me­nis­tan­da rus di­li­ne, ede­bi­ýa­ty­na, rus hal­ky­nyň me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na uly hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin di­ýip, sö­zü­ni do­wam et­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da rus di­lin­de bi­lim ber­ýän on­lar­ça mek­de­biň bar­dy­gy, A.S.Puş­kin adyn­da­ky umu­my­bi­lim ber­ýän türk­men-rus mek­de­bi­niň he­re­ket ed­ýän­di­gi, rus di­li­niň äh­li or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de oka­dyl­ýan­dy­gy ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­nil­di. Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat­da Rus dra­ma te­at­ry­nyň tas­la­ma­sy­nyň we gur­lu­şy­gy­nyň üs­tün­de iş­le­nil­ýär, Türk­men-rus uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, şu be­lent mün­ber­den Rus­si­ýa­nyň çäk­le­rin­dä­ki ýa­dy­gär­lik­ler­de, heý­kel kom­po­zi­si­ýa­la­ryn­da, eda­ra­la­ryň at­la­ryn­da türk­men hal­ky­nyň be­ýik og­ly, fi­lo­sof, şa­hyr we akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň keş­bi­niň ebe­di­leş­di­ri­len­di­gi üçin min­net­dar­ly­gy­my be­ýan et­mek is­le­ýä­rin. 2024-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy bel­le­ni­ler di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy.
Aý­dy­lan­la­ry na­za­ra alyp, hor­mat­ly Arkadagymyz me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň müm­kin­çi­li­gi­ne ga­ral­ma­gy­ny mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny, bu gat­na­şyk­la­ryň maz­mu­ny­ny de­giş­li or­ta möh­let­le­ýin top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­da be­ýan edip bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Bu res­mi­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, iki ýur­duň par­la­ment­le­ri­niň ýo­kar­ky pa­la­ta­la­ry­nyň ugur­daş ko­mi­tet­le­ri­ne tab­şyr­mak tek­lip edil­di. Şeý­le hem Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň par­la­men­ta­ri­le­ri­niň öz be­lent jo­gap­kär­çi­lik­le­ri­ne dü­şün­ýän, hem­me iş­le­ri­ni adam­la­ryň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­ýän pi­kir­deş­dik­le­ri­ne ynam bil­dir­di.
Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Wa­len­ti­na Matwi­ýen­ko, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň ýo­kar­ky pa­la­ta­sy­nyň äh­li ag­za­la­ry­na bu dö­re­di­ji­lik­li işe iş­jeň gat­na­şan­dyk­la­ry we sal­dam­ly go­şant­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
* * *
Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­ Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­sy­nyň Baş­ly­gy­ Wýaçeslaw Wolodiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ne­ti­je­li türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­ny ok­gun­ly ös­dür­mek­de par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň eýe­le­ýän mö­hüm or­ny nyg­tal­dy. Iki ýur­duň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek, şeý­le-de bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri gu­ra­mak ar­ka­ly tej­ri­be alyş­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Ta­rap­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, hu­kuk ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi deň­hu­kuk­ly­lyk, yna­nyş­mak, öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­me­li­dir.