Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň sammitdäki çykyşy Türkmenistanyň bu guramanyň çägindäki gatnaşyklarda ileri tutýan ugurlaryny öz içine aldy.

Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde geçirilen ýokary derejeli duşuşygy açyp, ilki bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra sammite gatnaşýan Liderleriň çykyşlaryna we beýleki hasabatlara orun berildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda bu sammitiň ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, oňa halkara we sebit işlerinde Türki Döwletleriň Guramasyna oňaýly täsir etmäge gönükdirilen waka hökmünde garalýandygyny belledi. «Türkmenistan häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryna mahsus bolan çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, esasy strategik maksady gazanmak üçin döwletleriň tagallalaryny yzygiderli birleşdirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu maksatlar çözgütler kabul edilende halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermek esasynda ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaýyň örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap edýändigine ünsi çekdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürendigini ýatladyp, bu teklibiň guramanyň häzirki sessiýasynyň dowamynda türki döwletler tarapyndan hem goldanyljakdygyna ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda halkara terrorçylyga, ekstremizme, kiber-biologik jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmegi, owgan meselesinde bilelikde iş alyp barmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik, tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunda ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, işewürlik düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegiň, howanyň üýtgemegi, energoüpjünçilik, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak babatda tejribeleri paýlaşmagyň, ynsanperwer ugurda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky teklibiniň goldanylandygy üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ähli agza ýurtlaryna minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmäge bu guramanyň işjeň gatnaşjakdygyna ynanýandygyny tassyklady.