11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz we türk Lideri mähirli salamlaşyp, birek-biregi Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy bilen gutladylar. Munuň özi täze taryhy eýýamda türki dilli halklaryň arasyndaky köpasyrlyk dostluk däpleriniň ösdürilmegine aýratyn goşandyň ykrarnamasyna öwrüldi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirip, 2021-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen sammitiň ähmiýetini aýratyn nygtady. Onda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy baradaky çözgüt kabul edildi. Bellenilişi ýaly, bu taryhy waka möhüm ädime öwrüldi. Çünki ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna şu formatda gatnaşmagy syýasy-diplomatik häsiýete eýedir hem-de doganlyk türki dilli halklar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk däpleri esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hormat goýmak, ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek, ony mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan Türkiýe bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Şeýle hem iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy taýdan ýakynlygy bilen baglylykda, medeni-ynsanperwer ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamynda işjeň gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasynda parlament gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, özara duşuşyklary we geňeşmeleri ýola goýmak arkaly kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp guraly bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.