18-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 28 — 30-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek we aýawly saklamak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri

Soňra wise-premýer 23 — 25-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda şeýle medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Halkara maslahata taýýarlyk görülýär

Şeýle-de wise-premýer 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiriljek “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmegiň, bu ugurda amala aşyrylýan ylmy işleriň we barlaglaryň, medeni gymmatlyklarymyzy bütin dünýäde wagyz etmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady hem-de wise-premýere halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.