Katarda düýn başlan Dünýä Kubogynda 2-nji günüň ilkinji duşuşygynda Angliýa bilen Eýranyň ýygyndylary duşuşdy. Olaryň arasyndaky ilkinji duşuşyga 45 müň 344 janköýeriň tomaşa edip, oýnunda Angliýanyň ýygyndysy uly hasap bilen, 6-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň her ýarymynda 3 gol geçiren Angliýanyň gollaryny Jud Bellingam (35), Bukaýo Saka (43, 62), Rahim Sterling (45), Markus Reşford (71) hem-de Jek Griliş (90) geçirdi. Eýranyň ýygyndysynyň gollaryny-da 65-nji minutda hem-de 90+13-nji minutda penaltiden Mehdi Taremi derwezä girizdi. Oýnuň 1-nji ýarymynda Eýranyň derwezeçisi Beýranwandyň şikes almagyndan soň 1-nji ýarymyň ahyryna emin 14 minut goşdy. 2-nji ýarymyň ahyryna-da şikesler sebäpli 10 minut goşuldy. Emin jemi duşuşygyň ahyryna 29 minut goşdy. Duşuşygyň 90+7-nji minutynda Serdar Azmunyň urgusy ýokarky sütünden meýdançanyň daşyna gitdi.