Dünýäniň iň uly tubinasynyň öndürilip başlanandygy mälim edildi. Kenardan uzakda, deňizde guruljak turbina ýurduň gündogaryndaky Fuszýan welaýatynda öndürildi. Bu turbinanyň önümçilik kuwwaty 16 megawat bolup, beýikligi 50 gatly binanyňda barabar – 146 metr bolar. Turbinanyň periniň diametri 252 metre ýetýär. Şeýle-de bolsa äpet energiýa turbinasy örän ýeňil materialdan öndürilipdir. Desganyň önümçilik kuwwaty 34,2 kilowat/sagat bolar. Ýylda ortaça 66 million kilowat/sagat energiýa öndürjek turbina üç adamlyk 36 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Bu görkeziji 22 müň tonna kömürden alynýan energiýa barabar bolup, 54 müň tonna kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni alar.
Rüstem Berdiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.