21-22-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de res­mi sa­par­da bol­dy.

21-nji no­ýabr­da dost­luk­ly ýur­duň paý­tag­tyn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-emir­lik­ler gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. Onuň bar­şyn­da iki döw­le­tiň we ola­ryň do­gan­lyk halk­la­ry­nyň däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy hem-de ta­rap­la­ryň öza­ra bäh­bit­li­lik, deň­hu­kuk­ly­lyk esa­syn­da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. Bar bo­lan ägirt uly kuw­wa­ty we öza­ra bäh­bit­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge tä­ze iter­gi be­rer. Bu res­mi­na­ma­lar döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di.

Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma ka­bul edil­di
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.
Res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Da­şa­ry iş­ler we hal­ka­ra gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da 2023-2024-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­ly­gyň Mak­sat­na­ma­sy; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da güm­rük iş­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk we öza­ra ýar­dam ber­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk; Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da oba ho­ja­lyk we azyk howp­suz­ly­gy ba­ra­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Ki­ber­howp­suz­lyk ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Ki­ber­howp­suz­lyk gul­lu­gy bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ki­ber­howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len An­war Gar­gaş adyn­da­ky Dip­lo­ma­tik aka­de­mi­ýa­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Bi­lim ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Je­na­ýat­çy­lyk­ly ýol bi­len al­nan gir­de­ji­le­riň ka­nun­laş­dy­ryl­ma­gy we ter­ror­çy­ly­gyň ma­li­ýe­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­ly ma­li­ýe mag­lu­mat­la­ry alyş­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Ma­li­ýe gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ma­li­ýe aň­taw­çy­ly­gy eda­ra­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ma­li­ýe mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da fis­kal we teh­ni­ki me­se­le­ler bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Abu-Da­bi­niň ösüş gaz­na­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň BAE res­mi sa­pa­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy ka­bul edil­di.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar
Şeý­le hem şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, go­ran­mak mi­nist­ri, Du­baý emir­li­gi­niň hä­ki­mi Şeýh Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tum hem-de BAE-niň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, Pre­zi­den­tiň iş do­lan­dy­ryş mi­nist­ri Şeýh Man­sur bin Za­ýed Al Na­haý­ýan bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Du­şu­şyk­lar­da esa­sy ugur­la­ryň äh­li­si bo­ýun­ça öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

«Türk­me­nis­tan – BAE» işe­wür­lik mas­la­ha­ty
22-nji no­ýabr­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türk­me­nis­tan – BAE» işe­wür­lik mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy.
Ka­şaň «St.Re­gis Abu Dha­bi» myh­man­ha­na­nyň eý­wa­nyn­da Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li önüm­le­riň ser­gi­si gu­ral­dy.
Mas­la­ha­ta Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň köp san­ly we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti we işe­wür to­par­la­ry gat­naş­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da 2012-nji ýyl­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­tiň, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­len BAE-niň Söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky işe­wür­lik ge­ňe­şi­niň hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň oňyn gör­nüş­le­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne BAE-niň te­le­ke­çi­ler bi­le­le­şi­gi bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin işe­wür­lik bin­ýat­la­ry­ny dö­ret­mek üçin aý­ra­tyn umyt bag­la­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, türk­men hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri­niň BAE-dä­ki kär­deş­le­ri bi­len uzak möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ry­ny düýp­li we hil taý­dan gi­ňelt­mä­ge, ýo­la goý­ma­ga, ola­ryň üs­tün­lik­li tej­ri­be­si­ni ulan­ma­ga, hä­zir­ki za­man iş do­lan­dy­ryş usul­la­ry­ny we çöz­güt­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy.
Şeý­le-de, bi­ziň ýur­du­myz is­len­dik ne­ti­je­li pi­kir­ler we tek­lip­ler, jo­gap­kär­li, yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lyk üçin he­mi­şe açyk­dyr. Men bu du­şu­şy­ga BAE-niň işe­wür to­par­la­ry­nyň Türk­me­nis­tan bi­len uzak möh­let­le­ýin söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­gy­nyň ýo­lun­da mö­hüm ädim hök­mün­de ga­ra­ýa­ryn di­ýip, hormatly Prezidentimiz nyg­ta­dy we dost­luk­ly ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni iki döw­le­tiň hem ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän giň ge­rim­li, öza­ra bäh­bit­li ha­ky­ky hyz­mat­daş­ly­ga ça­gyr­dy.

Iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­kil­di
«Türk­me­nis­tan – BAE» işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­kil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi bi­len «Abu Dha­bi Ports Group» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da aýan et­mez­lik ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň «Türk­me­ne­ner­go» döw­let elekt­roe­ner­ge­ti­ka kor­po­ra­si­ýa­sy bi­len «Abu Dha­bi Fu­tu­re Ener­gy Сom­pa­ny (Mas­dar)» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da Türk­me­nis­tan­da umu­my gur­na­lan kuw­wa­ty 100 MW bo­lan gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry ös­dür­mek bi­len bag­ly bi­le­lik­de iş­le­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky bi­len Bi­rin­ji Abu-Da­bi ban­ky­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Şeý­le-de, iki ýur­duň te­le­ke­çi­lik dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da lo­gis­tik hyz­mat­la­ry et­mek we dür­li eks­port-im­port amal­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy.

* * *

Şol gün Abu-Da­bi­de bol­ýan hormatly Prezidentimiz «Wa­hat Al Ka­ra­ma» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na ba­ryp, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Wa­tan üçin gur­ban bo­lan mil­li gah­ry­man­la­ry­ny ha­ty­ra­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne ama­la aşyr­ýan il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­ny Abu-Da­bi şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Şeýh Za­ýed met­ji­di­ne ba­ryp gör­mek bi­len jem­le­di. BAE-niň esas­lan­dy­ry­jy­sy we il­kin­ji Prezidenti Şeýh Za­ýed bin Sul­tan Al Na­haý­ýa­nyň ady­ny gö­ter­ýän bu met­jit dün­ýä­niň iň uly al­ty met­ji­di­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.