Futbol boýunça Dünýä Kubogynyň 6-njy gününiň ilkinji duşuşygynda Eýran bilen Uelsiň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşykda Eýranyň ýygyndysy 2-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 1-nji duşuşykda Angliýadan 6-2 hasabynda utulan Eýranyň ýygyndysy Uelsi soňky minutlarda, has takygy berlen goşmaça wagtyň hem ahyrky pursatlarynda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Eýranyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary uzak aralykdan 90+8-nji minutda Ruzbeh Çeşmi hem-de 90+11-nji minutda Ramin Rezaeian geçirdi. Oýnuň 86-njy minutynda Uelsiň derwezeçisi Hennessi gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy. Ol bu çempionatda gyzyl kart alan ilkinji futbolçy boldy. 67 minutlap meýdançada galan Serdar Azmunyň, şol sanda Ali Golizadehiň bir urgusy sütünden yzyna gaýtdy.
Duşuşykda esasy düzümde meýdança çykan Uelsiň kapitany Garet Beýl milli toparynyň iň köp duşuşyk geçiren oýunçysy boldy (110 duşuşyk).