24-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyklar barada pikir alyşdylar.
Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Busan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň netijelerine syn berdiler, şeýle hem 2023-nji ýylda Aşgabatda bu forumynyň nobatdaky 16-njy mejlisiniň ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu forumda başlyklygy uly jogapkärçilik we minnetdarlyk duýgulary bilen kabul edýändigini aýdyp, şu günlerden başlap 2023-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň nobatdaky 16-njy mejlisini geçirmäge işjeň taýýarlyga başlaýandygyny belledi.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn orny parlamentara hyzmatdaşlygy eýeleýär. R.Meredow bu babatda Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ähmiýet berýändigini nygtady. Şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna boljak birinji resmi sapary parlament ugry boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmakda ähmiýetiniň bardygy beýan edildi.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine seretmek bilen, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giňeldilmegine we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmagyna öz ygrarlylygyny görkezýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini belläp geçdiler.