Norwegiýanyň “Equinor” kompaniýasy we hyzmatdaşlary ýurduň Irpa gaz ýatagyndan has köp gazy çykaryp Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýär. Norweg deňzindäki suwasty gaz ýatagyny özleşdirmek üçin 1,44 milliard dollar maýa goýum sarp ediler. Mundan ozal “Asteriks” diýlip atlandyrylýan sebitde 1300 metr çuňlukdan gaz çykarylar. Önümçiligiň 2026-njy ýylyň ahyrynda başlanmagy meýilleşdirilýär. Taslamany durmuşa geçirmäge “Petoro, “Wintershall” we “Shell” kompaniýalary hem gatnaşýar.