28-30-njy noýabrda “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, aýdymçylar, sazandalar — milli saz gurallarynda ýerine ýetirijiler, alymlardyr hünärmenler, şol sanda saz, sungat we medeniýeti öwrenijiler, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri Aşgabada geldiler.
28-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Mukamlar köşgüniň sahnasynda şowhunly konsert geçirildi. Onuň baý maksatnamasy aýdym-saz eserleriniň köpdürlüligini, dürli halklaryň aýdym aýtmak, saz çalmak ýaly gadymy sungatynyň täsin nusgalaryny açyp görkezdi.
Tomaşaçylar Azerbaýjanyň we Eýranyň aýdym-saz toparlarynyň, Gyzylorda oblastynyň filarmoniýasynyň (Gazagystan), Täjigistanyň A.Juraýew adyndaky döwlet filarmoniýasynyň, Horezmiň sazly drama teatrynyň (Özbegistan) halk saz toparlarynyň, Buhara şäheriniň mukamlary ýerine ýetirijileriniň çykyşlaryny el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gyrgyz Respublikasyndan gelen “Etno-Oş” folklor-etnografiýa toparynyň çykyşynda özboluşly milli äheňler ýaňlandy. Kazanyň “Alpar” etnografiýa topary milli saz gurallarynda tatar halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Ýurdumyzda geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşýan “Türki dünýä” saz-tans toparynyň artistleri tomaşaçylara ajaýyp türk mukamlaryny we tanslaryny sowgat etdiler.
Ýurdumyzyň belli tans, folklor, aýdym-saz toparlary, meşhur halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler tomaşaçylara türkmen sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdiler. Artistleriň çykyşlarynda halkara forumyň medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, dostlugyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen baş maksady öz beýanyny tapdy.
Günüň ikinji ýarymynda “Arçabil” myhmanhanasynda ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, TÜRKSOÝ-yň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabat forumyna gatnaşýan ýurtlaryň alymlary, hünärmenler gatnaşdylar.
Şol gün agşam daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatryna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitaby esasynda döredilen “Dutaryň owazy” atly sahna oýnuna tomaşa etdiler.
29-njy noýabrda “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary boldy. Sazandalar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin öz halklarynyň milli saz gurallarynda saz çalmak boýunça ussatlyk sapaklaryny berdiler.
Şeýle hem festiwala gatnaşyjylar “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda çykyş etdiler.
30-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly ýapylyşy boldy. Onda halkara festiwalda üstünlikli çykyş edenlere diplomlar gowşuryldy hem-de Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.