30-njy no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­kasy­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Ali Ak­bar Meh­ra­bia­ny ka­bul et­di.

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň aý­dan mä­hir­li söz­le­ri­ni we tu­tuş türk­men hal­ky­na aba­dan­çy­lyk, ro­waç­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Eý­ran­da Türk­me­nis­tan bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz goň­şy ýurt­lar bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne we ýur­duň äh­li hal­ky­na özü­niň hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy hem-de iki döw­le­tiň ara­syn­da ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ryň dost-do­gan­lyk hä­si­ýe­ti­ne esas­lan­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Şu ba­ra­da aýt­mak bi­len, döw­let Baştutanymyz iki ýur­duň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan pur­sa­dyn­dan bä­ri ne­ti­je­li türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şun­da Hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­niň öza­ra sa­par­la­ry­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy nyg­tal­dy. Hormatly Prezidentimiziň bel­leý­şi ýa­ly, Eý­ran Türk­me­nis­ta­nyň iri söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar we da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gyn­da öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, EYR-nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri­niň Aş­ga­ba­da sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň äh­lu­mu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hyz­mat­daş­lyk bir­nä­çe pu­dak­lar bo­ýun­ça iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Türk­me­nis­tan we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy te­bi­gy se­riş­de­le­re baý bol­mak hem-de çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­mek bi­len, da­şa­ry yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka we üs­ta­şyr ulag ugur­la­ryn­da öza­ra gat­na­şyk­lar üçin oňyn müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly se­riş­de we yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da gat­na­şyk­la­ryň has iş­jeň gu­ra­ly­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di. Şun­da anyk ne­ti­je­le­re gö­nük­di­ri­len türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­di­ril­me­gin­de bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Ali Ak­bar Meh­ra­bi­an dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li­lik, uzak möh­let­le­ýin­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.