Dünýäniň maglumat giňişliginde ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek, bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu maksat bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini açmak teklip edilýär. Merkeziň esasy wezipeleri ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gepleşikleri, gysga göwrümli dokumental filmleri, wideorolikleri taýýarlamakdan we daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlarynda görkezmekden, ýörite neşirleri çap etmekden hem-de beýlekilerden ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ugurdaş bölümleri öz içine alýan täze merkezi paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2-nji dekabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.