Göz ada­myň be­den ag­za­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, daş-tö­we­re­gi saý­gar­mak ar­ka­ly ka­bul edi­şi üp­jün ed­ýär. Adam­la­ryň kö­pü­si yl­my we dün­ýä­ni gö­rüş ar­ka­ly öw­ren­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň adam­zat jem­gy­ýe­ti­ne giň­den or­naş­ma­gy bi­len otu­ry­lyp iş­le­nil­ýän dur­muş ýö­rel­ge­si­ne uý­gun­la­şyl­dy. Bu, il­kin­ji no­bat­da, fi­zi­ki he­re­ket­siz­li­ge ge­ti­rip, ga­ly­ber­se-de göz bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ýü­ze çy­kar­ýar. Ýag­ny komp­ýu­te­riň öňün­de bir­nä­çe sa­gat­lap otur­mak göz üçin zy­ýan­ly bo­lup, gö­rüş ul­ga­my­nyň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Bi­ler­men­ler gö­züň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň bir­nä­çe usulyny sal­gy ber­ýär­ler. Olar şu­lar­dan yba­rat:
Sag­dyn iý­mit­len­mek. Iý­mit sa­na­wyn­da mi­we­dir gök önüm­le­riň, esa­san hem, kä­şiriň bol­ma­gy gö­rüş üçin ju­da äh­mi­ýet­li­dir. Mun­dan baş­ga-da, A, E, C wi­ta­mi­ni­ni, sink, ome­ga-3 ýag kis­lo­ta­sy­ny özün­de sak­la­ýan (ýag­ly ba­lyk) önüm­le­ri iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Yzy­gi­der­li maşk et­mek. Maşk et­mek be­de­niň äh­li ag­za­sy üçin, şol san­da göz üçin hem peý­da­ly­dyr. Bi­ler­men­ler komp­ýu­ter­de iş­le­nil­ýän wag­ty azyn­dan her 2 sa­gat­dan 15-20 mi­nut­lyk ara­kes­me edip, ge­zim et­me­gi, ýa­şyl ösüm­lik­le­re se­ret­me­gi, şeý­le hem 3-5 mi­nut­lyk göz maş­ky­ny (gö­zü­ňi az sa­lym ýu­mup sak­la­ma­ly, soň­ra gö­zü­ňi ýo­ka­ry-aşak, sa­ga-çe­pe hem-de gy­tak­la­ýyn he­re­ket et­dir­me­li) ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.
Äý­nek da­kyn­mak. Günüň ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si kä­bir ýag­daý­da gö­zü­mi­ze zy­ýan ýe­ti­rip bi­ler, şol se­bäp­li go­rag äý­nek­le­ri­ni da­kyn­ma­gy ýat­dan çy­kar­maň! Şeý­le hem komp­ýu­ter şöh­le­si­ni yzy­na gaý­ta­ry­jy reňk­siz ýö­ri­te äý­nek­le­ri hem da­ky­nyp bi­ler­si­ňiz.
Ki­tap oka­mak. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, yzy­gi­der­li ki­tap oka­mak gö­züň kü­tel­me­gi­niň öňü­ni al­ýan iň esa­sy se­riş­de­le­riň bi­ri­dir. Ki­tap oka­lan­da göz öňe-yza, şeý­le hem dört ta­ra­pa he­re­ket ed­ýär. Ki­tap oka­mak göz üçin iň go­wy maşk­dyr.
Gö­rüş sy­nag­la­ry­ny ge­çir­mek. Kä­wagt gö­rüş sy­nag­la­ry­ny ge­çi­rip, gö­zü­ňi­zi «tür­gen­leş­di­rip» bi­ler­si­ňiz. Sy­na­gy ýö­ne­keý usul­da ow­nuk ha­ty oka­mak, iri ha­ty oka­mak, uzak­da­ky ha­ty oka­mak, uzak­da­ky za­dy gör­mek ar­ka­ly ge­çi­rip bolýar.
Go­rag es­bap­la­ry­ny geý­mek. Kä­bir sport oýun­la­ryn­da hem-de iş pur­sat­la­ryn­da ýa-da gur­lu­şyk iş­le­rin­de gö­züň şi­kes­len­me­gi­niň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len go­rag es­bap­la­ry­ny geý­mek hem hök­ma­ny zerurlyklaryň bi­ri­dir.