7-nji de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow öz ýur­du­nyň par­la­ment we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip, sa­par bi­len Türk­me­nis­ta­na ge­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Mej­li­si­niň Baş­ly­gy Sa­hi­ba Ga­fa­ro­wa­ny ka­bul et­di.

Myh­man iki­çäk du­şu­şyk­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let
Baş­tu­ta­ny­my­za Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýe­wiň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de öz kär­de­şi­ne we äh­li türk­men hal­ky­na tüýs ýü­rek­den bag­ty­ýar­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Azer­baý­jan bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ral­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li gi­ňelt­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­men­ti­niň ýol­baş­çy­sy­ny mü­bä­rek­läp, dost­luk­ly ýur­duň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­na we hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di hem-de şu sa­pa­ryň çäk­le­rin­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň, gep­le­şik­le­riň bi­ziň do­gan­lyk döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak işi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu ýyl ýurt­la­ry­myz dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­ny bel­le­di­ler.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň halk­la­ry­ny kö­pa­syr­lyk ta­ryh, däp bo­lan dost­luk, yna­nyş­mak, öza­ra dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry, me­de­ni­ýe­tiň we di­liň umu­my­ly­gy bir­leş­dir­ýär. Bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy, söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk iş­jeň­leş­di­ril­di.
Azer­baý­jan­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gep­le­şik­ler he­mi­şe ne­ti­je­li we dost­luk­ly hä­si­ýe­ti, aý­ra­tyn mä­hir­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şol gep­le­şik­le­re çuň ma­ny-maz­mun, öza­ra dü­şü­niş­mek, do­ly yna­nyş­mak ýag­da­ýy, şeý­le-de be­lent yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­lyk mah­sus­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň we se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň me­se­le­le­ri, hu­su­san-da, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça iki döw­le­tiň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy we meň­zeş­di­gi ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­tal­dy. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn esas­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, BMG, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy, GDA, ÝHHG, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti ýa­ly ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hem gat­na­şyk ed­ýär­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň ägirt uly se­riş­de­ler, yk­dy­sa­dy, ulag-lo­gis­ti­ka kuw­wa­ty­na eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Olar­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak di­ňe bir iki ýur­duň halk­la­ry­nyň däl, eý­sem, se­bi­tiň bäh­bit­le­ri­ne-de la­ýyk gel­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we Azer­baý­ja­nyň par­la­men­ti­niň ýol­baş­çy­sy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, bar bo­lan kuw­wa­ty, mil­li bäh­bit­le­ri, ösü­şiň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­ni na­za­ra al­mak ar­ka­ly gu­ral­ýan köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.
Kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ra mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şol gat­na­şyk­lar döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tü­ni ýe­tir­me­li­dir, ola­ryň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ly­dyr we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, iki ýur­duň par­la­ment­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry­nyň, ge­ňeş­me­le­ri­niň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­niň däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge uly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­di­ril­di.
Şu ge­zek­ki par­la­ment we­ki­li­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne türk­men-azer­baý­jan dost­luk to­pa­ry­nyň äh­li ag­za­la­ry­nyň di­ýen ýa­ly go­şu­lan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dost­luk­ly ýur­duň Mil­li Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň şu sa­pa­ry­na türk­men-azer­baý­jan par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim hök­mün­de ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­tap, du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Sa­hi­ba Ga­fa­ro­wa berk jan sag­lyk, bagt, jo­gap­kär­li döw­let işin­de üs­tün­lik­le­ri, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, ro­waç­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

* * *

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny bi­len, Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge, döw­let hem-de jem­gy­ýet­çi­lik işi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga go­şan uly şah­sy go­şan­dy göz öňün­de tu­tu­lyp, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Mej­li­si­niň Baş­ly­gy Sa­hi­ba Aly gy­zy Ga­fa­ro­wa Türk­me­nis­ta­nyň «Hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge go­şan­dy üçin» or­de­ni bi­len sy­lag­lan­dy.