Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Rus­si­ýa­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy S.Law­row öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň dost­luk­ly, dep­gin­li, yzy­gi­der­li hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di. «Türk­me­nis­tan bi­ziň ýa­kyn dos­tu­myz, stra­te­gik hyz­mat­da­şy­myz­dyr. Rus­si­ýa se­bit­le­ýin we hal­ka­ra iş­ler­de Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun ber­ýär. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri bi­ziň gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Olar di­ňe şu ýy­lyň özün­de bäş ge­zek du­şuş­dy­lar» di­ýip, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri nyg­ta­dy hem-de par­la­ment hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, Rus­si­ýa­nyň se­bit­le­ri­niň Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Bu bol­sa döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy şu ge­zek­ki gep­le­şik­le­riň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gin­de mö­hüm ädi­me öw­rül­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň şol gat­na­şyk­la­ry üs­tün­lik­li ös­dür­me­giň mö­hüm gu­ra­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Şeý­le-de, rus ta­ra­py­na Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki, şol san­da ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ulag ul­ga­my, eko­lo­gi­ýa ýa­ly ul­gam­lar­da we bir­nä­çe beý­le­ki ugur­lar­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Söh­bet­deş­ler da­şa­ry sy­ýa­sat­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we gel­je­gi­ni, hu­su­san-da, se­bit hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek, Ha­zar, Aral me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy, şeý­le hem tä­ze we­him­le­re we howp­la­ra gar­şy bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­ler­de öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňiş­le­ýin ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi bel­le­nil­di.
Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da soň­ky ýyl­lar­da dep­gin­li ös­dü­ril­ýän söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn orun be­ril­di. Me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, S.Law­row Türk­me­nis­tan­da rus di­li­ne, me­de­ni­ýe­ti­ne aýaw­ly ga­ral­ýan­dy­gy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di hem-de Aş­ga­bat­da A.S.Puş­kin adyn­da­ky döw­let rus dra­ma te­at­ry­nyň tä­ze bi­na­sy­ny gur­mak, Türk­men-rus uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek ha­kyn­da döw­let de­re­je­sin­de ka­bul edi­len çöz­gü­di ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Ta­rap­lar iki ýur­duň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, se­bit we dün­ýä de­re­je­sin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy, ösü­şi üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýän stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar.