Bitaraplyk biziň baky bagtymyzyň binýadydyr, ähli üstünliklerimiziň gözbaşydyr, ynsanperwer ýörelgelerimiziň rowaçlanmagydyr. Ol biziň her birimiziň ruhumyzy belende göterýän, röwşen geljege ynamymyzy artdyryp, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döretmäge, gurmaga, has-da döredijilikli zähmet çekmäge hyjuwlandyrýan özboluşly ruhy güýçdür. Bitaraplyk halkymyzyň nurana kalbyndan dünýäniň çar künjüne uzaýan dost-doganlyk ýollaryny ýagtyldýan şamçyragdyr.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hoş habar gelip gowuşdy. 27-nji noýabr – 3-nji dekabr aralygynda Marokkoda geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň hödürlän milli gymmatlyklary täze sanawa alyndy. Olaryň arasynda ýurdumyzyň hödürlän «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» hödürnamasy hem goldandy. 2021-nji ýylyň martynda ýurdumyz tarapyndan bu başlangyç öňe sürüldi. Mejlisiň dowamynda Konwensiýa gatnaşyjy döwletler tarapyndan hödürlenen Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak üçin 46 sany hödürnama seredildi. Şeýlelikde, milli keşdeçilik sungatymyz ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň hödürnamasyna goşuldy. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwrülmegini üpjün eder.
Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi. Şolaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bar.
2015-nji ýylda ýurdumyzyň ýüztutmasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» dessançylyk sungatynyň, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans dessurynyň, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungatynyň, 2021-nji ýylda bolsa dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilmegi hem bellärliklidir.
Häzirki wagtda Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak babatda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ahalteke atçylygyny hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny we beýlekileri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar, beýleki hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Umuman, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelýär, däp bolan netijeli gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa, bedenterbiýe we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar.
Milli lybaslarymyzdaky her bir nagşymyz görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň gülünden, gunçasyndan nusga alnyp, döwrebaplaşdyrylyp döredilen nagyşlar milli lybaslarymyzy bezeýär. Keşdedir gaýmalar, halydyr palaslar, kilimler ýüreklerde baky orun alan gözelliklerdir.
Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Täzegül MUHAMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.