Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň 5-nji de­kabr­da ge­çi­ri­len bi­le­lik­dä­ki mas­la­ha­tyn­da hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­na hem-de döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry ka­bul edil­di. Şeý­le-de, «Türk­me­nis­ta­nyň 2023-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­si bol­dy.
23-nji no­ýab­r­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de hor­mat­ly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türk­me­nis­ta­nyň 2023-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy ba­bat­da bir­nä­çe anyk mas­la­hat­la­ry ber­di. Gahryman Arkadagymyz ýur­du­my­zyň ýe­ten sep­git­le­ri­ne we öň­de goý­lan tä­ze mak­sat­la­ra, we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da býu­je­ti, onuň gir­de­ji­ler we çyk­da­jy­lar bö­le­gi­ni, dü­züm aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny üýt­get­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.
«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­ler bo­lup geç­di. Hal­ky­myz şeý­le öz­gert­me­le­riň ge­ti­ren eş­ret­le­rin­den peý­da­la­nyp asu­da dur­muş­da bag­ty­ýar ýa­şa­ýar, ag­zy­bir zäh­met çek­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da adam ha­kyn­da ala­da il­kin­ji orun­da goý­lup, ýur­du­my­zyň bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, dur­muş üp­jün­çi­li­gi ul­gam­la­ryn­da adam­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, yg­ty­bar­ly dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­mek türk­men döw­le­ti­niň öňe sür­ýän ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň 2030-njy ýy­la çen­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň kes­git­le­nen ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ra­ýat­la­ra gir­de­ji al­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek, ola­ryň esa­sy çeş­me­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni dün­ýä de­re­je­si­ne ýe­tir­mek ba­ba­tyn­da tu­tan­ýer­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýurt­da her ýyl zäh­met ha­ky­nyň, ta­lyp hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň möç­be­ri ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar, köp san­ly dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri, mad­dy gol­daw­lar be­ril­ýär, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni, sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­ler ka­bul edil­ýär. Döw­let he­mi­şe ila­tyň dur­muş taý­dan gol­da­mak­ly­ga mä­täç gat­lak­la­ry üçin be­ril­ýän kö­mek­le­riň gör­nüş­le­ri­ni we ge­ri­mi­ni gi­ňel­dip gel­ýär.
Dur­muş taý­dan üp­jün­çi­li­giň ul­ga­my­ny do­lan­dyr­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek, ony ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­ýän şert­le­ri­ne uý­gun­laş­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mu­ňa he­re­ket ed­ýän pen­si­ýa ul­ga­my­ny öz­gert­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler my­sal bo­lup bi­ler.
Pen­si­ýa ul­ga­my­ny öz­gert­me­giň esa­sy mak­sa­dy döw­le­tiň, iş be­ri­ji­niň we iş­gär­le­riň ara­syn­da­ky jo­gap­kär­çi­li­gi paý­la­mak bi­len dur­muş ba­bat­da ada­lat­ly pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gi ul­ga­my­nyň ma­li­ýe dur­nuk­ly­ly­gy­ny we yk­dy­sa­dy ne­ti­je­li­li­gi­ni eme­le ge­tir­mek bo­lup dur­ýar.
Ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga zäh­met, zäh­me­ti go­ra­mak, iş bi­len üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­niň oňyn çö­zül­me­gi hem uly tä­sir ed­ýär. Şeý­le bo­lan­soň ýur­du­myz­da bu ug­ra hem uly üns ber­lip ge­lin­ýär.
Ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş taý­dan go­ral­ma­gy ug­run­da taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Döw­let­my­rat Mu­ham­me­dow,
Ymam­gu­ly Re­je­pow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry.