Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy.

9-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer R.Meredowyň köp ýyllardan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk edip gelýändigini, onuň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli ýurtlary bilen döwletimiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda we ösdürmekde uly işleri bitirendigini belledi.

Şoňa laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini nazara alyp, R.Meredowy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak barada karara gelendigini tassyklap, bu baradaky resminama gol çekdi.