9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Sylaglamak dabarasy Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Bellenilişi ýaly, bu sylag Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmak, Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende götermek, ählumumy halkara maslahatlaryny durmuşa geçirmek, daşary döwletler we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek işine goşan şahsy goşandyny, döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny belende götermekde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini has-da kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp gowşuryldy.
Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny minnetdarlyk bilen kabul edip, bu sylagyň Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna agzybirlikde we jebislikde çeken zähmetimize berlen bahadygyny belledi.