Şu gün – 10-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty öz işine başlady.

 Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän maslahata sebit ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit gurluşlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Forumyň öň ýanynda myhmanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Dialogyň şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Maslahatda Guramanyň 2022-nji ýyldaky işlerini jemlärler, şeýle hem Dialogyň 2023-nji ýyldaky iş meýilnamasy tassyklanar we maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar.

BMG-niň goldawy bilen 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan döredilen bu Dialog – zenanlaryň jemgyýetdäki orny, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, zenanlaryň maliýe ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek, parlamentara gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmak üçin global meseleleri  ara alyp maslahatlaşmak, pikir alyşmak, tejribe bilen paýlaşmak üçin amatly platforma bolup çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirilipdi.

Dostluk, doganlyk, agzybirlik ýörelgelerine eýerip geçirilýän duşuşyklar geljekde hem ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, hoşniýetli dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam eder.