Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde, ýagny geçen anna güni Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gaýrasynda gurlan Galkynyş atly täze, döwrebap şäherçäniň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy.
Şanly baýramçylygyň bosagasynda Bereket etrabynyň çäginde açylan şäherçede 300 hojalyga niýetlenipdir. Täze şäherçede gurlan saglyk öýi dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde oturdylan häzirki zamanyň kämil enjamlary ýaşaýjylara lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Ähli amatlyklary bolan 160 orunlyk çagalar bagy, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň owadan binasy hem ýaş nesillere ajaýyp sowgatdyr. Kaşaň 200 orunlyk Medeniýet öýi köpüň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Bulardan başga-da, şäherçede aragatnaşyk öýi, söwda dükanlary, elektrik we suw geçirijiler, dynç alyş seýilgähi, metjit gurlup, ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi.
Şäherçäniň gurluşygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti baş potratçy bolup çykyş etdi. Gurluşyk işlerinde zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezen hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Toý dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar şäherçedäki seýilgähde saýaly agaç nahallaryny oturtdylar.