Ýur­du­myz­da ýaş nes­liň dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ren­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len. Hä­zir­ki wagt­da ça­ga­la­ry­myz mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da, umu­my or­ta bi­lim ber­ýän mek­dep­ler­de hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ene di­li­miz bi­len bir ha­tar­da on­dan gow­rak da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­la­ra dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ret­mek, ola­ry giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly hü­när­men­ler edip ýe­tiş­dir­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öz­leş­dir­mä­ge we hä­zir­ki za­man hü­när mag­lu­mat­la­ry bi­len ta­nyş­mak üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­mä­ge ukyp­ly hal­ka­ra de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sat edi­nil­ýär.
Bi­ziň ins­ti­tu­ty­myz­da hem ýaş­la­ryň dür­li dil­le­ri öw­ren­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir. Bu ýer­de ýaş­lar da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, şol ýurt­la­ryň me­de­ni­ýet­le­ri ba­ra­da hem giň dü­şün­je al­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni su­wa­ra bil­ýän, giň dün­ýä ga­ra­ýyş­ly kä­mil ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Okad­ýan da­şa­ry ýurt dil­le­ri sa­pak­la­ry­myz­da ta­lyp­la­ra şol di­li öw­ret­mek­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan gi­ňiş­le­ýin peý­da­lan­ýa­rys.
Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň äh­li­sin­de rus di­li uly to­par­lar­da, iň­lis di­li bol­sa or­ta we uly to­par­lar­da öw­re­dil­ýär. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri bo­ýun­ça sa­pak­la­ryň tej­ri­be­li mu­gal­lym­lar ta­ra­pyn­dan oka­dyl­ma­gy ýo­la go­ýul­dy. Rus di­li we iň­lis di­li sa­pak­la­ryn­da mu­gal­lym­la­ryň lin­ga­fon en­jam­la­ryn­dan, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan, in­te­rak­tiw tag­ta­lar­dan peý­da­lan­mak­la­ry sa­pak­la­ryň tä­sir­li­li­gi­ni we ne­ti­je­li­li­gi­ni has-da art­dyr­ýar.
Ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň aň-bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da ene di­li­mi­ziň we dün­ýä dil­le­ri­niň or­ny uly bo­lup dur­ýar. Ýaş­la­ryň sag­dyn pi­kir­len­me­gin­de il­ki bi­len ene di­li­ni kä­mil, ma­ny-maz­mun­ly bil­me­gi esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir. Şeý­le hem ylym-bi­li­mi öz­leş­dir­mek, dün­ýä­niň ylym gi­ňiş­li­gi­ne ara­laş­mak üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Yn­ha, şu aý­dy­lan­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, dil bil­mek kä­mil­li­giň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýaş­la­ry ylym­ly-bi­lim­li edip ter­bi­ýe­le­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Aý­gül HAL­LY­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň
Da­şa­ry ýurt ede­bi­ýa­ty ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­lym-öw­re­ni­ji­si.