Ösümlikden et öndürýän zawod

111

“Be­liever Meats” kom­pa­ni­ýa­sy ösüm­lik­den eme­li et ön­dür­ýän des­ga­nyň düý­bü­ni tut­dy. ABŞ-nyň De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na şta­tyn­da gu­rul­ýan kär­ha­na­nyň meý­da­ny 18,500 ine­dör­dül metr bo­lar. Ys­ra­ýyl kom­pa­ni­ýa­sy bu ug­ruň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­na bil bag­la­ýar. Tä­ze des­ga­nyň köp wagt­dan bä­ri yl­my bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji ga­za­nyp baş­la­ma­gy­na ýar­dam eder. Tä­ze des­ga pa­tent­le­nen teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly on­lar­ça ton­na ösüm­lik­den et ön­dür­ýän dün­ýä­niň iň uly des­ga­sy bo­lar. “Be­liever Meats” bu etiň ba­ha­sy­ny ar­zan­lat­ma­gy, şol san­da Ys­ra­ýyl­da ýe­ne bir za­wo­dy aç­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len “to­wuk eti­niň” bir ki­log­ra­my 1,70 ABŞ dol­la­ry­na çen­li ar­zan­lar.
Kom­pa­ni­ýa il­kin­ji tä­jir­çi­lik mak­sat­ly za­wo­dy aç­mak bi­len bu üs­tün­lik­le­re esas­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär. “Be­liever Meats”-yň baş di­rek­to­ry Ni­kol Jon­son-Hoff­man Wil­son şä­he­rin­de bu des­ga­nyň gu­rul­ma­gy bi­len eme­li etiň tä­jir­çi­lik mak­sat­ly ön­dü­ril­me­gi­ne ýe­ne-de bir ädim go­laý­la­şan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. Bu etiň ada­ty et­den ta­gam ba­bat­da hiç hi­li ta­pa­wu­dy­nyň ýok­du­gy bel­le­nil­ýär.
“Be­liever Meats” des­ga­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, bu ýer­de her ýyl­da 10 müň ton­na et ön­dü­ri­ler.

Now­ruz Hojаgurbаnow, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by