“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan döwlet Baştutanlarynyň birinji sammiti geçirilýär. 13-nji dekabrda dostlukly ýurtlaryň energetika, ulag ulgamlarynyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde duşuşyklar geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen we gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalary ylalaşmak meselelerine garaldy.
Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem oňyn hyzmatdaşlyga yzygiderli ygrarly döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, doganlyk ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi maksat edinýär. Şu gün, 14-nji dekabrda üç döwletiň Baştutanlarynyň — Serdar Berdimuhamedowyň, Ilham Aliýewiň hem-de Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçiriler.